Iň täze habarlar

Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara türkmen dilindäki ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi

20.11.2023 | 20:06 |
 Görmek mümkinçiligi bolmadyk adamlara türkmen dilindäki ýazgyny sesli görnüşe öwürýän programma işe girizildi

Aşgabatda görüş taýdan kemis doglan adamlara ekrandaky türkmen dilinde ýazylan hat ýagysyny sesli görnüşe öwürýän sintezleýji täze programmany işe girizme dabarasy geçirildi.

1 (1).JPG

BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda geçirilen dabara 20-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä çagalar güni mynasybetli guraldy. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan döredilen bu başlangyç, görüş ukyby bolmadyk çagalara we ululara bilim almak we täze zatlary öwrenmek mümkinçiliklerini giňelder.

2 (1).JPG

“Dünýa” atly bu programmany ýükläp almak we gurnamak tölegsiz bolup, ol “Windows” we “Android” programma ulgamlarynda işleýär. Onda “JAWS” we “NVDA” ýaly okamak üçin goşmaça hyzmatlar hem elýeterlidir. “Android” ulgamy üçin programma üpjünçiligini “Play Market” platformasyndan ýükläp alyp bolýar.

3 (2).JPG

“ORIENT” bu möhüm sosial taslama hakda ýakyn wagtda aýratyn makalada has giňişleýin maglumat berer.

Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň raýatlary üçin häzirki zaman zerurlyklaryny, deňhukukly we hemmeler üçin eýeterli, ähli mümkinçilikleri öz içine alýan bilim ulgamyny kemala getirmegiň çäginde döredildi.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Çagalar gaznasy

Şeýle hem okaň: