Iň täze habarlar

Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar

14.11.2023 | 14:18 |
 Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar

Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkeziniň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi banky ady agzalan merkeziň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşigini yglan etdi. Onuň bildirişi “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edildi.

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar özleriniň tekliplerini Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şäher gurluşygyny maliýeleşdiriş we inžener-tehniki gözegçilik müdiriýetine ibermelidir.

Bäsleşik üçin teklipler bildirişiň çap edilen gününden 30 iş gününiň dowamynda ýazgy görnüşinde kabul edilýär.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda “Aşgabat”, “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Gül zemin” we ýaly birnäçe söwda merkezleri ilata hyzmat edýär.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: