Iň täze habarlar

Türkmenistanyň welaýatlarynyň käbirinde şemalyň güýçlenmegine garaşylýar

24.06.2025 | 09:10 |
 Türkmenistanyň welaýatlarynyň käbirinde şemalyň güýçlenmegine garaşylýar

Howa hünärmenleriniň maglumatlaryna laýyklykda, 24-25-nji iýunda Türkmenistanyň çäginde şemalyň güýçlenmegi çaklanylýar. Bu bolsa demirgazyk-günbatar tarapdan howa toplumlarynyň hereket etmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şemalyň tizliginiň garaşylýan görkezijileri:

Balkan welaýatynda – 12-17 m/s çenli

Ahal welaýatynda – 15-20 m/s çenli

Mary we Lebap welaýatlarynda – 13-18 m/s çenli

Daşoguz welaýatynda – 12-17 m/s çenli

Aýratyn seýitlerde tozan ümeziň we gowşak ýeliň bolmagy mümkin. Açyk meýdanlarda gysga wagtlaýyn tozan we çäge tüweleýleriň turmagy mümkin diýip, Meteožurnal habar berýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: