Iň täze habarlar

Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

24.06.2025 | 10:45 |
 Gazagystan şu ýyl Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” geçiş nokadyny döwrebaplaşdyrýar

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan bäş sany awtomobil geçiş nokatlaryny, şol sanda Türkmenistan bilen serhetdäki “Temir baba” nokadyny hem döwrebaplaşdyrar. Bu barada Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejileri baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Bakytžan Slýamow metbugat maslahatynda belledi.

Zakon.kz saýtyň habar bermegine görä, “Temir baba” ileri tutulýan desgalaryň arasynda bolup, ol ýerde häzirki zaman gözegçilik we maglumatlary işleýiş ulgamlary ornaşdyrylar. Munuň özi geçirijilik ukyby we serhedi geçmek tizligini ep-esli derejede ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Umumylykda, Gazagystanyň döwlet serhedinde 52 sany awtomobil geçiş nokatlary hereket edýär. Olaryň 6-sy, şol sanda, Hytaý bilen serhetde “Nur Žoly”, “Kalžat”, “Alakol”, şeýle hem özbek tarapda bolsa “Bauržana Konyspaýewa”, “Kaplanbek” we “Atameken” ýaly nokatlar eýýäm üstünlikli döwrebaplaşdyryldy.

“Temir babadan” başga-da, 2025-nji ýylda “Kazygurt” we “Tažen” (Özbegistan bilen serhetde) hem-de “Maýkapçagaý” we “Bahty” (Gyrgyzystan bilen serhetde) ýaly nokatlar hem täzelener.

ORIENT

Foto: profit.kz

Şeýle hem okaň: