Iň täze habarlar

Häzirki durmuşa gaýtadan «ornaşdy» SSSR döwrüniň zatlary

15.10.2023 | 11:00 |
 Häzirki durmuşa gaýtadan «ornaşdy» SSSR döwrüniň zatlary

Belki, hakykatdanam, ähli täzeler – gowy unudylan köne zatlardyr. Mysal üçin, SSSR döwründen käbir zatlar – suw gaýnatgyç, örülen torba, çaý kömelegi we umytsyz könelişen ýaly görünýän beýleki zatlar, gaýtadan gündelik ulanyşa «dolanyp» gelmegi bilen çäklenmän, eýsem moda hem girdi.

Örülen torba

авоська.jpg

Häzirki döwürde, Soýuzyň gytçylyk wagtlarynda her öý bikesiniň, tötänleýin şowly söwda ederin diýen niýeti bilen elmydama ýanynda göterýän «awoska» ady bilen tanalýan torly torbasyny ýaş nesliň tanamaýan bolmagy hem ähtimal. Bu sebäplerden biri. Beýlekisi bolsa – öňler SSSR döwründe paketler ýokdy we satyn alynan zatlar hojalykda hiçzat ýerini tutup bilmeýän ýeňil örülen torba salynýardy. Häzirler bu aksessuara zerurlyk ýok. Ýöne döwrebap moda şol görnüşde ekotorbalar gaýdyp geldi we dürli görnüşli ulanyjylaryň arasynda ýaýrady.

Çaý kömelegi

чайный гриб.jpg

Öňler penjiräniň öňünde her öýde diýen ýaly üç litrlik bankada ýakymsyz, gatlakly birzat bolýardy. Kwasy ýada salýan içgi örän peýdaly hasaplanýardy we bu kömelegiň bagtly eýelerinden köplenç ony paýlaşmagy soraýardylar. Döwrebap durmuşa ol «kombuça» ady bilen gaýdyp geldi we ony indi islendik supermarketde aňsatlyk bilen tapyp bolýar.

Suw gaýnatgyç

кипятильник.jpg

SSSR-den ýene bir «gelmişek». Özüniň ýönekeýje we hat-da iň howpsuzam bolmadyk gurluşyna garamazdan, bu enjam ýatdan çykarylmady. Gymmat otelleriň amatlyklaryna bil baglamagy endik edinmedik syýahatçylardyr jahankeşdeleriň saýasynda, suw gaýnatgyçlar bu güne çenli satylýar we hat-da döwrebaplaşdyrylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda adaty görnüşlerinden başga-da awtoulagyň çilim otlaýjysyndan işleýän görnüşleri hem bar.

Bankalar

банки.jpg

Wakuum owkalamasy üçin çüýşe bankalar, örülen torna we suw gaýnatgyç ýaly her hojalykda diýen ýaly bardy. Olaryň ot ýakmak usulynda ulanylmagy görkezişli we unudylmazdy. Aslynda ylmy nukdaýnazardan bankalaryň täsirliligi tassyklanmadyk hem bolsa, olar bilen arkadaky agyrylary, sowuklamalary we beýleki keselleri bejerýärdiler. Şeýle-de bolsa, bu olaryň owkalama salonlarynda hyzmatlaryň bir görnüşi hökmünde «täzeden döremegine» päsgel bermedi we olar döwrebap hünärmenler tarapyndan goşmaça lukmançylykda işjeň ulanylýarlar. Dogrusy, bankalaryň häzirki görnüşi çüýşeden däl-de plastikden taýýarlanyp, olar ýylylyk bilen däl-de wakuumatoryň kömegi bilen goýulýar.

Beden ýyladyjy

телогрейка.jpg

Sökülýän beden ýyladyjy – şeýle hem oňa güpbi ýa-da fufaýka hem diýilýärdi. Ol hiç wagt nepis eşik bilen bäsleşmese-de, örän ýyly bolup, köp sanly sowet işgärlerini ýyladýardy. Onýyllyklar geçensoň, beden ýyladyjynyň döwrebap görnüşleriniň möwsümiň iň yssy modasy bolar diýip kim pikir ederdi. Bu güýzde diňe bir sökülýän ýelekler däl, eýsem kurtkalar hem moda bolýar. Dizaýnerler we modaçylar dürli materiallardan we dürli reňklerde dürli modelleri hödürleýärler.

телогрейка1.jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: