Iň täze habarlar

Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?

17.08.2023 | 19:19 |
 Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?

Elbetde, herkimiň öz täsinligi bar. Kimdir biri üçin bu düýpsüz giňligi bilen onuň üstünden ýaýylan asmanyň we yssy ýeriň gaty sessizligi bilen haýran galdyrýan çöl peýzažydyr. Beýlekiler üçin bolsa, palma agaçlary bolan şadyýan we sesli plýaž ýa-da tekepbirligi bilen özüne çekýän garly gaýalar we buzly depelrdir. Uly şäherlerden tejribeli jahankeşdeleri döwrebäp myhmanhanalary özüne çekmeýär – olar ýerli obalylaryň obalarynda we öýlerinde durmuşy bilen tanyşmagy halaýarlar. Welaýat künjekleriniň ýaşaýjylaryna bolsa, «daş jeňňelikleriniň» ýalpyldaýan witrinalary we fasadlaryna çykyp, adamlaryň arasynda çuň tokaýda ýaly ýitip bolýan şäher gysnyşyklygy gyzykly. Ýöne bularyň hemmesini garyşdyrmagy halaýanlar hem bar/ esasy zat – deň ölçerliligine düşünmek we durmuşyň lezzetini almak, ony baýram etmegi başarmakdyr!

Birinji kokteýl-bar Aşgabatda, daşyndan göze ilmeýän, ýöne şäheriň taryhy ýerinde, belki-de söwda-dynç alyş merkezlerindäki ýaly adamlaryň hem köp bolmadyk, geçýänleriň köpüsiniň bolsa töweregindäki jaýlaryň ýaşaýjylary bolan, edil «Ylham» seýilgähine degip duran ýerde birden duýdansyz we sessizje döredi. Ýöne baryň gapysynyň (öň bu ýerde gapy hem bolmadyk ýaly) uly bolmadyk stil üýtgeşmesini «hemişe geçmeýänler» hem gördi.

1 (1).jpg

Aýna gapylaryň aňyrsynda neon belgisi girmäge çagyrýar we bosaganyň aňyrsynda gelenler özüni her dürli zatlar ýygnanan uzyn guta düşen ýaly bolýar. Baryň gaty rehimsiz «Buldog» adyna garamazdan, bu ýerde mylaýym we gelşikli, gowy kofeniň ysy we interýeriň ýumşak loft şol kiçijik zatlara üns berip seredip uzak galmaga çagyrýar. Bu pikiriň sizi terk etmezligi üçin ruhlandyryjy içgiden başga-da, size stol üsti oýunlary hödürlener.

Logika we ugurtapyjylyk üçin azajyk intellektual maşk ýa-da ýönekeý meseleler dynç alyş üçin özüňizi sazlamaga we eger garşy bolmasalar, dostuňyz, barmen ýa-da beýleki myhmanlar bilen gyzykly mowzuk tapyp söhbetdeşlik etmegiňize päsgel bermez.

2 (1).jpeg

Bu ýerde pikirleriňiz bilen ýeke galyp, şahsy çäkleriňizi saklap ýa-da umumy kompaniýa goşulyp, täze adamlar bilen duşuşyp bilersiňiz. Klubyň formaty, bar diregini yşyklandyrýan metal abažurlardan ýarym garaňky diwardan çykýan iki sany ullakan, ýöne dostlukly buldogyň ýüzi bilen alamatlandyrylýar. Itler, «öz tegeleginiň» belli bir giňişligini goraýar we jemgyýetlilik bilen baglanyşýar. Mundan başga-da, bu kiçijik «öküzler» (iňlis Bull + dog - öküz iti) tohumy hökmünde goragçy we ýoldaş itler hökmünde toparlara bölünýär.

3 (1).jpg

«Buldog» toparynyň menýusyna hotdoglary goşmak bilen markaly it mowzugyny ösdürmek pikiri bar. Ýöne hökman däl. Bu, çalt we kanagatlandyryjy iýmit hökmünde ponçikler hem bolup biler. Belki, bu ýerde bar bolan «ýanyň bilen kofe» hyzmaty bilen has köp baglanşykly bolsa gerek.

Baryň içindäki howasy we onuň hyzmat «protokoly» ýörite baýramlary we şowhunly oturylyşyklary göz öňünde tutmaýar. Bu dürli ýagdaýlar we keýpler üçin näzik myhmansöýerlik we göze ilmeýän söhbetler, kofe, saz we kokteýlleriň deňagramly garyndysyny özünde jemleýän howaly ýeridir.

Ýok, Aşgabatda ozal kokteýl ýasaýan ýerleriň ýoklugyndan däl. Kökteýller köp wagt bäri, köp restoranlarda, barlarda we kafelerde edilýär. Ýöne bu ýörite kokteýller üçin «ýitilenen» ýer. Onuň esasy aýratynlygy bolsa, şäheriň beýleki ýerlerinde tapylýan adaty, nusgawy taýýarlanyş tärlerinden başga-da, bu ýerde size kokteýl taýýarlaýjysy tarapyndan, ýagny işiniň inçe ussady, zehini we ýürekden, şeýle hem manyly sazlaşdyryp döredilen özboluşly remiksler we özboluşly «awtor» kompozisiýalary hödürlener.

«Kokteýl» sözünde haýsydyr bir baýramçylyk, festiwal, janlandyryjy bir zat duýýarsyňyzmy? Şol bir wagtyň özünde - kamera, romantik, nostalgiki ýa-da tersine, arzuwçyl, diňe bir dostumyz bilen paýlaşyp bilýän, hatda onuň eýýäm hemme zada düşünýändigi sebäpli paýlaşyp bilmeýän örän şahsy zatymyz.

Ynha şeýle täze kokteýl medeniýeti, kem-kemden bu ýerde eýýäm eremeýän, tersine täze üwelen, täze gaýnadylan kofe içmek medeniýetiniň berk kök salan Aşgabadyň jemgyýetçilik iýmiti pudagyna aralaşýar. Indi däp bolan «çaýa gel» ýerine «belki-de bir ýere gidip kofe içeris?» diýen sözi eşidýäris.

4 (1).jpg

Şeýle hem ol sarp etmek medeniýetini ýokarlandyrmagyň uniwersal markasy – kofeniň ýagdaýynda bolsa, «üçisi birde»-den hilli içgilere geçmekdir. Kokteýllerdäki ýagdaýda bolsa – hilli, gowy oýlanan, düzüminde az alkogol saklaýan ýa-da alkogolsyz, tagamlaryň ajaýyp dürlüligini üpjün edýän görnüşidir.

«Buldog» toparynyň otlar, miweler, iýmişler we ýerli öndürilen we ýerli däpleriň miweleri ýaly dürli görnüşli önümler bilen kokteýl ugryny ösdürmek üçin örän gyzykly mümkinçiligi bar. Bu mowzukda täsirli gürrüňi biz şu ýyl tomus 70-den gowrak ýurtdan, şol sanda «mişlenowskiý» restoranlaryna we dünýäniň öňdebaryjy barlaryna wekilçilik edýän kärdeşleriniň gatnaşan, Sankt-Peterburga geçirilen bäsleşige giden baş barmenden eşitdik. Ol 7-nji ýeri eýeledi. Bu, kokteýl işiniň has öňden bäri we ýokary derejede ösen ýurtlaryndan gelen bäsdeşleriň ýokary derejesini göz öňüne tutanyňda has uly gazanyş diýip bolýar.

5.jpg

Biziň söhbetdeşimiz ýaryşda sap türkmen «hekaýasy» bilen çykyş etdi. Ony durmuşa geçirmek üçin bolsa, ol ýany bilen ýerli önümleri alyp bardy. Haýsylardygyna geň galarsyňyz! Emma ilki bilen – hekaýanyň özi. Onuň esasynda bir gezek Garagum çölünde görülen günüň batyşyndan täsiri ýatyr.

…Gözýetime düşüp, uly güneş tegelegi gyzyl reňk aldy we onuň bilen gögi we ýeri reňkledi, kenarynda ýadaw, şol wagtlar esger gullugyny geçip ýören oglanjygyň otyran köli bolsa, goýy gyrmyzy görnüşe girdi. Bu jadyly peýzaž onuň aklynda galdy we soňra ol piter bäsleşigi üçin kokteýl tärini oýlap tapmaly bolanda, şol görnüş owadan surat keşbinde janlandy. Pikir taylypdy!

Ynha şunda barmenleriň perişdesi – Miksologiýa gözbagçylygy başlandy. Garyşdyrmak düzgünleri – bu kokteýlleri taýýarlamak bilen bagly tutuş ylym, bilim pudagy. Ony öwrenmek üçin ençeme hünär kitaplaryny we belli işine ussatlaryň kitaplaryny okamaly, eliňi, ys alyň we tagam duýuşyňy öwrenişdirmeli, lezzeti, goýulygy we ýitiligi boýunça şowsuz birleşdirilen bir litrden hem köp suwuklygy zibile dökmeli, synaglardan gorkmazlyk üçin gerekli tejribäni ýygnamaly…

Şeýlelik bilen reňk orunlary paýlandy: pomidor suwy güneşiň batmagynyň gyzylyny, reýhan oty benewşe köli ýerine ýetirmelidi. Türkmeniň howasyny we keşbini, güneşiň gyzgyn şöhlesiniň astynda ýetişdirilendigi sebäpli gaýtalanmaýan tagamly süýji miweleri janlandyrýan baş keşpde – «Ýalta – Altyn grifon» halkara şeraplar we berk alkogolly içgiler sergisiniň köp gezeklik altyn baýragynyň eýesi «Ýasmansalyk» desert şeraby çykyş etdi.

Ýöne ýene bir gahryman, ýagny hut şol ähli suraty ýene nobatdaky remeýk däl-de, hakyky partladyjy blokbaster edýän, ikinji keşbiň gahrymany gerekdi. We ol hurma bilen jedelleşikde öz «türkmenliligi» bilen ýeňen gowurdak boldy ....!

Elbetde, bularyň hemmesi blenderde aňsatlyk bilen birleşdirilmeýär. Olar sazlaşykly ansambly emele getirmezden ozal kesgitli taýýarlygy we transformasiýany geçýärler. Şeýle hem biziň gowurdagymyz buglandy we bugdan ýagsyzlandyrylan, milli tagamyň ýeňil mazasyny we hoşboý ysyny saklap galan çyglylyk, kokteýle aýratynlyk beren şol bölejik boldy. Bu ajaýyp we asyl tapyndy hökmünde bäsleşigiň eminleri tarapyndan hem gowy bahalandyrylyp kabul edildi. Bularyň üstesine-de taýýarlanyşyň görkezilşi, duýgurlyga etnografikligi goşan, türkmen halk sazynyň sazlaşygynda ýerine ýetirildi.

6 (2).jpg

Hawa, bu elbetde beýik kokteýl moda dünýäsinden. Bular ýaly adaty barda «ulanmaýarlar». Ýöne, şonda-da siz nähili pikir edýärsiňiz, näme üçin ýönekeý «klassiki» usulda silkip bolýarka, barmenler hususy gözlegleri bilen başagaý?

Belki-de, sözüň gowy manysynda sungata bolan söýgüsi üçindir. Ýagny öz işine we şoňa baha berip biljek adamlara bolan bolan söýgüsi üçin. Hut şul, «Buldog» kokteýl-barynyň taýýarlanyş tärinde esasy «gizlin» düzüm bolmagy ähtimal.

Bellik: «Buldog» bary, anna güni, 18-nji awgustda özüniň ilkinji dadyp görüş agşamyny geçirýär. Başlaýan wagt sagat 19:00.

7.jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: