Iň täze habarlar

Türkmenistanda gymmatly kagyzlar: emitentler we maýadarlar üçin bähbitleri

02.08.2023 | 12:16 |
 Türkmenistanda gymmatly kagyzlar: emitentler we maýadarlar üçin bähbitleri

Täze önümçiligi ýola goýmak, önümleriň ýaýrawyny giňeltmek, kärhanany döwrebaplaşdyrmak üçin kompaniýalara goşmaça maliýe serişdeleri gerek bolýar. Öz gymmatly kagyzlaryňy çykarmak arkaly biržadan maýadarlary çekmek bu işler üçin maliýe serişdelerini toplamagyň bir görnüşidir. “ORIENT” Aşgabat gazna biržasy bilen Türkmenistanda bu işleri nähili amala aşyrmalydygyny okyjylara giňişleýin düşündirýär.

Paýnamalaryň we obligasiýalaryň işewürler üçin tapawudy

Kiçi we orta telekeçiler banklardan karz alyp bilerler. Ýöne, käbir ýagdaýlarda paýnamalary (aksiýalary) ýa-da obligasiýalary goýbermek (emitirlemek) has bähbitli bolýar.

Paýnamalary goýbermek arkaly siz kompaniýaňyzyň bir bölegini maýadarlara teklip edýärsiňiz. Olar öz gezeginde, özüne galjak peýdany hasaplaýarlar. Şeýle etmek arkaly, siz maýadarlara girdeji geljegine kepil geçmän, öz biznesiňiziň belli bir bölegine eýeçilik etmäge we tutuşlygyna işewürligiň ösüşine täsirini ýetirmäge şert döredýärsiňiz.

Obligasiýalar – bu siziň biznesiňiziň bergi hasaplary bolýar. Obligasiýalary goýbermek arkaly siz maýadarlaryň bölüp beren puluna eýelik edýärsiňiz we munuň ýerine maýa goýuja göterimli puly – kupon girdejisini töleýärsiňiz. Bankdan göterimli pul ýa-da karz alandan tapawutlylykda, siz maýadarlara obligasiýalary näçe wagtda we nähili tölejekdigiňizi özüňiz kesgitleýärsiňiz. Maýa goýumlary çekmegiň bu usuly paýnamadan has öňünden çaklap bolýar. Şonuň üçin-de bu usulda biznes üçin-de, maýa goýujy üçin-de belli bir karara gelmek aňsat düşýär.

Mundan başga-da, iki usulda hem kompaniýalara paýdarlar jemgyýeti hökmünde hasaba alynmagy zerur bolup durýar.

Nähili kompaniýalara gymmatly kagyzlary goýbermek bähbitli?!

Tejribeden görnüşi ýaly, birža bazarynda önümçilik kärhanalary, IT kompaniýalary, magazinler, kafeler we restoranlar ýaly işewürligiň dürli görnüşleriniň wekilleri üstünlikli hereket edýärler. Ýöne gymmatly kagyzlaryň çykarylmagy diňe bir ýyldan gowrak wagtdan bäri hereket edýän we ösüş üçin anyk maksatnamasy bolan özüneçekiji işewürlige üstünlik getirýär.

Üstünlige ýetilmegi üçin bolsa, kompaniýanyň we maýadaryň maliýe serişdelerini nämä we nirä gönükdirilýändigini we obligasiýalaryň nähili tölenjekdigini anyk bilmelidirler.

Gymmatly kagyzlar, birža – düşnüksiz ýaňlanýar. Karz alanyň aňsat bolmazmy?!

Bularyň ählisi ylalaşylan şertlere bagly. Eger-de siz birža arkaly pul çekmegi pugta ýeregňize düwen bolsaňyz, munuň bankdan karz alandan has bähbitli bolmagy mümkin. Mundan başga-da, gymmatly kagyzlar size köpräk maliýe erkinligini hödürläp, ösüş üçin geljegi uly mümkinçilikleri açyp biler.

Maýadarlaryň näme gazanjagyny siziň özüňiz kesgitleýärsiňiz.Obligasiýalarda kupon girdejisi, paýnamalarda bolsa, paýlaşylan girdejiler (diwidendler) tölenýär. Onuň mukdary we şertleri bolsa özbaşdak kesgitlenilýär.

Girew goýmak gerek däl. Işewürlik üçin banklar tarapyndan berilýän karzlarda gozgalmaýan emläk, ulag we tehnika girew goýulýar. Gymmatly kagyzlaryň goýberilişinde bolsa, bu gymmat bahaly eýeçiligi girew ýa-da bankyň oňa eýeçilik hukugyny döretmek gerek bolmaýar.

Çekilen maýalar islege görä harçlanyp bilner. Bankdan alnan karzlar bir maksada – işewürligi ösdürmek üçin ulanmaly bolýar. Birža arkaly çekilen pullary bolsa erkin ýagdaýda ulanyp bolýar.

Maýa goýujylaryň sany göterimine karz berýänlerdän has köp. Paýnamalary we obligasiýalary islendik maýadar, şol sanda hususy taraplar hem satyn alyp biler. Olaryň sany bolsa, banklaryň mukdaryndan köp bolýar.

Kompaniýanyň ilat arasynda tanalmagy. Kompaniýanyň birža bazaryna çykmagy ony maýadarlaryň, şol sanda ilatyň arasynda belli edýär. Kompaniýa ilat arasynda näçe meşhur bolsa, şonça-da geljek-de birža arkaly maliýe serişdelerini has köp çekip biler.

Eger-de kompaniýa obligasiýa boýunça girdeji kuponyny ýa-da paýnama boýunça diwidendlerini töläp bilmese, näme bolar?!

Obligasiýalary we paýnamalary goýberijileriň (emitentleriň) maýa goýujylaryň öňünde tapawutly jogapkärçiligi bolýar.

Obligasiýalar goýberilen ýagdaýynda, kompaniýa gymmatly kagyzyň nominaly bolan esasy bergisini – kupon girdejisini bellenen senede tölemäge borçlanýar. Eger-de, emitentiň munuň üçin ýeterlik puly bolmadyk ýagdaýynda şu usul hem ulanylýar:

Wagtlaýyn maliýe kynçylygy bolan döwründe, kompaniýa maýa goýujy bolan obligasiýalaryň eýesine bergini üzmek şertlerini ýa-da wagtyny üýtgetmäge ylalaşyp bilýär. Bu berginiň gijä galdyrylmagy, wagtlaýyn azaldylmagy we möhletiniň uzaldylmagy ýaly çäreleri öz içine alyp biler.

Paýnamalar goýberilen ýagdaýynda, emitent paýdarlaryň ýygnanyşygynda gelnen karara laýyklykda, kompaniýanyň girdejisiniň bölegini diwidend hökmünde töleýär.

Aşgabat gazna biržasynyň düzgünlerine laýyklykda, gymmatly kagyzlary nähili goýbermeli?!

Paýanamalary 5 müň san möçberinden az bolmadyk we 350 müň manatdan arzan bolmadyk möçberde goýberip bolýar.

Obligasiýalara bolan talaplar bolsa, aşakdakylardan ybarat bolup, olar 35 müň manatdan arzan we 100 mukdar sanyndan az bolmaly däldir.

Kompaniýa şu şertlere gabat gelmeli:

Kärhana kanunçylyk esasynda hasaba alnan we azyndan 1 ýyldan bäri hereket edip gelýän bolmaly. Şunuň bilen bir hatarda kompaniýa bergidar, önümçilikden aýyrmak we täzeden guramak ýagdaýynda bolmaly däldir.

Kompaniýanyň özbaşdak serişdeleriniň möçberi 1 050 000 manatdan az bolmaly däldir. Kompaniýanyň girdejileri yzygiderli artýan ýagdaýynda bolany gowy. Eger-de kärhana bir döwür karz pul alan onda onuň üzülişinde gijä galmalar bolmaly däl.

Listinge girizilmezinden ozal, kompaniýanyň açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi zerurdyr.

Gymmatly kagyzlar bazary maliýe-karz ulgamynyň bir bölegi bolup, maýadarlaryň isleglerini ters hereketlerden goramaga gönükdirilen döwlet düzgünleşdirişini öz içine alýar. Gymmatly kagyzlar esasynda düzülen gazna biržalary maýa goýumlary çekmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga esaslanýar.

“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, ýurdumyzda maýa goýum bazaryny emele getirmekde öňdebaryjylaryň biridir.

Gymmatly kagyzlar bazary – bu emitentleriň öz bizneslerini ösdürmek üçin goşmaça serişdeleri çekmäge, maýa goýujylar (fiziki we ýuridiki şahslar) üçin bolsa şahsy serişdelerini erkin pullaryny saklamak we köpeltmek üçin mümkinçilikdir. Türkmenistanda hereket edýän Aşgabat birža gaznasy häzirki wagtda ösüş ýagdaýyndadyr.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň gazna bazarynyň taryhynda şu ýyl ilkinji gezek bahasy 16 million manat bolan korporatiw goýberilen obligasiýalar hasaba alyndy. Bu obligasiýalar “Mary-Deri-Aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine we “Lebapetönümleri” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişlidir. Häzirki wagtda bu obligasiýalary ýerlemek boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

Aşgabat gazna biržasy gyzyklanma bildirýän kompaniýalary gymmatly kagyzlaryň (paýnamalar we obligasiýalar) emissiýasy (goýberilmegi) boýunça konsultatiw duşuşyklara gatnaşmaga we öz söwda giňişliklerinde ornaşdyrmaga çagyrýar.

Bu boýunça goşmaça maglumat we sorag-jogap üçin Aşgabat gazna biržasyna ýüz tutup bilersiňiz:

Telefon belgileri: 46-86-05, 46-88-05.

Maslahatçy (konsultant): (+993 62) 60-94-54.

Resmi web-saýty: agb.com.tm

ORIENT

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: