Dost tapynmak: Bu haýyş bilen goňşusynyň gapysyny kakan Tehasly oglanjygyň hekaýasy
20.07.2023 | 20:10 |Goňşularyň öýüne gelip, oňa täze dostlary tapynmagyň zerurdygyny aýdyp, sebitdäki çagalary tanap-tamanaýandyklaryny soran 11 ýaşly Tehasly oglanjygyň akýürekliligi internetde milýonlaryň ünsüni özüne çekdi.
Şeýden Uoker bilen onuň goňşusy Brennan Raýyň arasyndaky täsirli söhbetdeşligi gapy jaňyndaku wideo gözegçilik kamerasy arkaly ýazga alyndy we sosial ulgamlarda dostluk hakyndaky teklipleriň wirusly tutanyny turzydy.
«Mm, men ýöne belki 11 ýa-da 12 ýaşlarynda çagalardan haýsydyr bir tanaýanyňyz barmy diýip soraýjakdym», — diýip oglanjyk wideo seslenýär. «Maňa dostlar gerek, erbet bolýaryn».
Reý, olaryň Tehas ştatynda Amarillo etrabyndan birnäçe çagany teklip edýär, ýöne Şaýden oňa «olar garagol bolanlary üçin» indi olary görmeýändigini aýdar.
Soňra Reý, eger Şaýden islese onuň gyzy bilen oýap biljekdigini, ýöne ol entäk bary-ýogy 2 ýaşyndadygy aýdýar. Muňa oglanjyk: «Gowudygyny! Men 2 ýaşlylary gowy görýärin, has dogrusy olar meniň tanan iň eýjejik adamlar» diýip jogap berýär.
Reý, şaýdeniň dogruçyllygy we häsiýetine haýran galdy we TikTok-da bu meseläni çözmek üçin gitdi.
«Adamlar bilen söhbetdeş bolma mümkinçiligi bolmasa hiç haçan olaryň nämeler başyndan geçirýändigini bilip bolmaýar. Bu oglanjyk terbiýeli, açykgöwünli we mert. Şeýlelik bilen TikTok biz Şaýdene dost edinmäge kömek edip bilerismi?», - diýip Reý, 69 million gezek görülen tolgundyryjy wideonyň aşagynda ýazgy galdyrdy.
«Men bu wideony goýsam, ýerli ýaşaýjylaryň käbiri görüp maňa kömek ederler diýiň pikir etdim», — diýip ol USA Today-a söhbetdeşliginde aýdýar.
Şaýdende birnäçe psihiki bozulmalar kesgitlendi we ejesi onuň elmydama dostlary bilen meseleleriniň bolandygyny, emma TikTok-daky wideodan soň, häzir onuň Hytaýda, Beýik Britaniýada, Gawaýide we Awstraliýada dostlarynyň bolandygy aýtdy.
Şaýdeniň ejesi ilki bilen oglunyň wideo sebäpli has hem gülki boljagyny pikir edendigini boýun alýar. «Haçan-da beýle bolmadygyny görenimde, adamlaryň hakykatdanam rehimdarlyk görkezmeginde üstüme düşen ýeňillik we arassa şatlyk gaty ulydy», — diýip ol gürrüň berýär.
Şeýle hem Şaýden, USA Today bilen söhbetdeş boldy we Reýleriň öýüne barmagynyň sebäbini bir gün Şaýdeniň howlusyna olaryň itiniň girendi we ony almaga goöşulary gelende olaryň gowy adamdygyny görenligi bilen düşündürdi.
Brennan Reý we onuň aýaly, şaýdena kömek etmek üçin ähli meşhurlygyny ulanyp biljekdiklerini pikir etdiler we şonuň üçin onuň hemme isleýän zadyny (serişdeleriň ýygymynda ylalaşylan bent boýunça) 37 000 dollar ýygnan GoFundeMe guradylar. Şondan soň maşgalalar has hem ýakynlaşdylar we Şaýden hem täze dostlarynyň bardygyna garamazdan olaryň gyzy bilen hem oýnaýar.
Wirusly wideo, köp adam üçin, şol sanda çagalar üçin hem ýekeligiň umumy tejribesi, olaryň öz aýratynlyklary zerarly ýaşytdaşlarynyň arasynda ýaňsylama sezewar bolýandyklaryny görkezdi. Ynha öňräk Amarillo jemgyýeti – tötänleýin meşhur bolan oglanjygyň goňşylary we obadaşlary, «Şaýden ýaly şöhle saç» şygar bilen şäher seýilgähinde ýygnanyşyp, bullinge garşy çärä jemlendiler.
«Biz bu çäräni bulling barada habarlylygy ýokarlandyrmak we öz arkasynda durup bilmeýänleriň sesi bolmak üçin guradyk. Biz adamlara el uzadyp we olar bilen söhbetdeş bolup, masgaralama garşy durmak üçin edermenligi ösdürmäge çalyşýarys», - diýip guramaçylar aýtdylar.
ORIENT news