Stambuluň Anadoly tarapy: rahatlygyň we joşgunlylygyň utgaşmasy
17.07.2023 | 11:18 |Dünýäniň iň aýdyň megapolisleriniň biri bolan Stambulda geçmiş we häzirki zaman ajaýyp usulda bir-birine bgalanyşyp gidýär, şeýle hem ýewropa we aziýa medeniýetleriniň häsiýetleri sazlaşykly utgaşýar.
Şäher özüniň ajaýyp ýerleri bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Şeýlelikde, şäheriň Anadoly tarapy rahatlygyň we gyzgalaňlylygy bilen şöhrat gazandy. Ol owadan tebigaty, taryhy ýadygärlikleri, janly gijeki durmuşy, kämil aşhanasy bilen tapawutlanýar.
Anadoly tarapynda baryp görüp boljak ynha birnäçe iň gowy ýerler.
Şazada adalarynyň ajaýyp gurşawy
Stambulyň kenarýakasyndaky Şazada adalary — hem ada durmuşynyň rahatlygyny, hem-de megapolisiň joşgunlylygyny isleýänler üçin iň gowy saýlawdyr. Şazada adalary şäheiň Anadoly tarapyna golaý, Mermer deňziniň mawy giňişlikleriniň arasynda ýerleşýär. Olar özleriniň ajaýyp tebigaty, deňiz tarapdan öwüsýän şemaly getirýän mimozanyň başyňy aýlaýan ysy bilen, şeýle hem haçandyr bir wagtlar meşhur ýazyjylaryň ýaşan gadymky jaýlary bilen meşhurdyr.
Bosforyň ugrunda ýatan täryhy etraplaryň guşagy
Üsküdarda paromdan düşüp, şol bada Anadoly galasyna tarap ugraň. Ýol ugruna siz owadan kwartallary we ýüzlerçe ýyl mundan öň gurlan ajaýyp binalary görersiňiz. Ilkinji duralga – Kuzgunjyk – özüniň köp asyrlyk taryhy bolan aýdyň binalary, äpet agaçlary, henizem miweler we gök önümler ýetişdirilýän gadymky baglary, şeýle hem buthanasy, sinagogy we metjidi bilen sizi haýran galdyrar.
Beýlerbeý, syýahatçylary öz peýzažy we soltanlaryň köşkleri bilen haýran galdyrýan Bosfordaky iň gadymy kwartallaryň biridir. Köprüniň edil aşagynda ýerleşýän Beýlerbeýi köşgi şäheriň iki tarapyny birleşdirýär. Ol bu ýeriň nyşanly belgisidir. Köşk bu ýere gelip görýänleri Bosfor bogazyna görnüşi, gündogaryň we günbataryň akymlaryny birleşýän binagärligi, şeýle hem ýylyň dört paslynyň islendiginde hem gaýtalanmajak gurşawy bilen haýran galdyrýar.
Üsküdaryň ýene-de bir ýaşaýyş etraby, Çengelköý özüniň kenary we köprä we Bosfora tarap görnüşi bolan çaý içilýän gadymky howlusy bilen köp adamlara bellidir. Bu çaý içilýän howly – ajaýyp peýzaždan lezzet alyp, simit bilen türk çaýyny içmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Çengelköý şeýle hem gadymky köşkleri, owadan köçeleri we balyk restoranlary bilen meşhurdyr, ol ýerde deňiz önümlerinden iň tagamly meze ýeňildamagyny hödürleýärler.
Kadyköý: dünýädäki iň meşhur etraplaryň biri
Kadyköý Anadoly tarapynyň iň meşhur etraby hasaplanýar. Kadyköýiň iki gezek, 2019-njy we 2021-nji ýyllarda “dünýädäki iň gowy etraplaryň biri” diýlip ykrar edilmegi geň däldir. Soňky wagtlarda Kadyköý özüniň kafeleri, pablary, restoranlary, çakyr ýerzeminleri we tawernalary sebäpli Stambulyň jemgyýetçilik durmuşynda ýer eýeledi. Ýöne Kadyköý hemişe täze tarapdan açylýar. Bu şäheriň içindäki giden bir şäherdir, ol ýerde gadymy gymmatbaha zatlary satýan dükanlary, gramplastinkalar we bukinist neşirleriniň dükanlaryny, bir asyr mundan öň gurlan dermanhanany we hatda opera teatryny hem görmek bolýar. Süreýýa opera teatry spektakla gelýän tomaşaçylary özüniň ajaýyp binagärligi bilen kabul edýär we Bahariýe köçesiniň nepis bezegi bolup hyzmat edýär. Ol boýunça pyýada ýöräniňde ýa-da tramwaýda gideniňde siz Moda owadan kenarýaka etrabyna düşýärsiňiz. Bu ýerde siz gämi duralgasynda oturyp, haýran galdyrýan görnüşleri synlap, çaý ýa-da kofe içip bilersiňiz. Eger-de siz özüňizi ýerli ýaşaýjy hökmünde duýmak isleseňiz, onda tomus gününiň maýyl agşamynda şol ýerde günüň batyşyny synlamak üçin kenarda piknik guraň.
Bagdad şaýoly: ýöne bir köçeden artykdyr 14 km uzap gidýän Bagdad şaýoly Anadoly tarapynyň iň meşhur köçesi hasaplanýar, ol şeýle hem özüniň birinji klasly egin-eşik dükanlary bilen bütin dünýä meşhurdyr. Kadyköý we Bostanji etraplarynyň arasyndan geçýän bu köçede moda we dizaýn dünýäsinden ýerli we halkara brendleriniň köp sanlysy görkezilendir. Witrinalar boýunça uzak wagtlap gezelençden başga-da, bu ýerde ýerli we dünýä aşhanalarynyň dürli tagamlaryndan lezzet almak bolýar.
ORIENT habarlar