Iň täze habarlar

Türkmenistanda iňlis diline nähili amal etmeli: Chat&Chill gepleşik klubynyň esaslandyrjysy bilen gürrüňdeşlik

11.07.2023 | 11:57 |
 Türkmenistanda iňlis diline nähili amal etmeli: Chat&Chill gepleşik klubynyň esaslandyrjysy bilen gürrüňdeşlik

Türkmenistanda ähli isleg bildirýänlere daşary ýurt dillerini özleşdirmekde kömek edýän «gepleşik klublary» meşhurlyga eýe bolup başlady. Chat&Chill diýlip atlandyrylýan şeýle klublaryň biri golaýda Aşgabatda açyldy.

Chat&Chill-e pikirdeşleriň toparynda gepleşik iňlis dili bilen meşgullanmaga gelýärler. Duşuşyklar her hepdäniň şenbe günleri sagat 18:30-dan 20:30-a çenli geçýär. ORIENT-iň habarçysy täze gepleşik klubynyň esaslandyryjysy Enejan Rahymowa bilen söhbetdeş boldy.

2.jpeg

— Salam Enejan! Özüňiz barada gürrüň beräýseňiz we siz näme üçin şunuň ýaly gepleşik klubyny döretmegi karar etdiňiz?

— Salam! Hawa, elbetde! Men Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň sosial ylymlar ugrundan bakalawr derejesini aldym. Men iňlis dilini hünär derejesinde bilýärin, sebäbi bu ýokary okuw jaýynda okuwlar iňlis dilinde alnyp barylýardy, ýöne okuwa girmänkäm hem men mekdepde iňlis dilini öwrenmegi halaýardym.

Ýokary okuw jaýyny tamamlansoň men Aşgabadyň dil merkezlerinde iňlis dilini okatdym, şeýle hem iňlis dilini ýekebara hem okatdym. Meniň okuwçylarymyň köpüsi öwrenilenleri iş ýüzünde, adaty janly gepleşikde ulanyp bilenokdylar, muny bilenimden soňra men kluby döretmek barada pikir edip başladym. Sebäbi iňlis dilinde ýa-da beýleki islendik daşary ýurt dilinde erkin gürleşip bilmek üçin köp tejribe we janly gepleşik gerek bolýar.
Şol sebäpli her bir isleg bildirýäniň erkin temalardan iňlis dilinde gepleşip biljek we şeýlelikde öwrenilenleri tejribede berkidip biljek klubyny açmak boljakdygy barada netijä geldim.

— Siziň duşuşyklaryňyz nähili geçýär?

3.jpg

— Biziň entäk bir duşuşygymyz boldy, biz ony uly gyzyklanma bilen geçirdik. Biz dürli temalary maslahatlaşdyk, şeýle hem gyzykly ösdüriji oýunlary oýnadyk. Temalaryň biri hakyky we wirtual durmuşda özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada boldy. Soňra biz jübüt bolup oýun oýnadyk, mysal üçin «meniň kimdigimi bil?» oýuny. Oýunyň her bir gatnaşyjysy beýleki gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap bermek arkaly onuň meşhur adamlardan ýa-da personažlardan haýsysydygyny bilmelidi.

— Gepleşik iňlis dilini kämilleşdirmekden başga, siziň klubyňyza gatnamagyň nähili peýdasy bar?

— Ilkinji nobatda, biziň klubymyzyň utanjaň gatnaşyjysy iňlis dilinde gürlände gorkusyndan we ýalňyş geplemek utanjyndan dil päsgelçiligini ýeňip geçip biler. Biziň klubymyz ilkinji bilen, birek-biregi goldamaklyga we kömek etmeklige esaslanýar. Şeýle hem siz iňlis dilini öwrenmäge gyzyklanýan adamlar bilen tanyşlyk açyp bilersiňiz, dynç alyp we dostlaryňyz bilen wagty şadyýan geçirip bilersiňiz. Ýene-de bir zady belläp geçmek isleýärin, islendik gatnaşyjy beýleki gatnaşyjylardan sözüň terjimesini sorap, iňlis diliniň söz baýlygyny artdryp biler.

— Siz öz klubyňyza täze gelenlere, iňlis dilini ýaňy öwrenip başlanlara nähili garaýarsyňyz?

4.jpeg

— Biz öz klubymyzda iňlis diline amal etmek isleýän islendik gatnaşyja şat. Iňlis dilini ýaňy öwrenip başlan täze öwrenjeler hem bu ýere gelip öwrenilenleri özlerinden bir dereje ýokary bolan beýleki gatnaşyjylar bilen iş ýüzünde berkidip bilerler. Iň esasy zat — iňlis dilini öwrenmäge bolan isleg we ymtylyşdyr, biz bolsa bu dilde tiz gürlemäge kömek ederis.

Chat&Chill iňlis diliniň gepleşik klubyna öňünden ýazylmak üçin şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz +993 62 070391 ýa-da enejan.rahimova26@gmail.com. elektron poçtasyna ýazyp bilersiňiz.

Hojanyýaz AMANOW

Foto: Chat&Chill

Şeýle hem okaň: