Emeli intellekt dünýäde ilkinji heýkeli döretdi
14.06.2023 | 16:45 |Stokgolmyň ylym we tehnika milli muzeýinde emeli intellekt tarapyndan döredilen dünýädäki ilkinji heýkel görkezildi.
«Mümkin bolmadyk heýkel» atly androgen adamyň heýkeliniň beýikligi 1,5 metre, agramy — 500 kg deňdir.
Heýkel poslamaýan polatdan döredilipdir, onuň aşaky bölegi material bilen örtülendir, sag eli bolsa bürünç globusy saklaýar.
Emeli intellekti heýkeltaraşlyk senedine mejbur etmek pikiri Şweýsariýanyň Sandvik maşyngurluşyk toparynyň programma ýazyjylarynda peýda boldy. Olar bäş sany beýik ussatlara – Mikalenjelo, Ogýusta, Rodene, Kete Kalwise, Kotaro Takamuro we Awgust Sewije mahsus bolan äheňleri birleşdirdiler we alnan maglumaty emeli intellekte «öwretdiler».
Neýroset, öz gezeginde, iki ölçegli şekilleriň birnäçe wariantyny teklip etdi, olar soňra 3D-modellere geçirildiler.
ORIENT habarlar