Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakkala bilen söhbetdeşlik: biz dialogy dowam etdirmäge şat
27.05.2023 | 22:00 |Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 26-njy maýda Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakkalanyň gatnaşan «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy onuň bilen söhbetdeş bolsy we ol birnäçe soraga jogap berdi.
— Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň Owganystan bilen gatnaşygynyň bu görnüşine nähili baha berýärsiňiz we häzirki duşuşygyň netijeleri barada näme aýdyp bilersiňiz?
— Munuň şu formatda 4-nji duşuşygymyzdygyny bellemek isleýärin. Pandemiýadan soň ilkinji gezek şahsy düzümde duşuşýarys. Duşuşygyň ajaýyp guramaçylygy üçin türkmen tarapyna minnetdar.
Bu formatyň diýseň üstünlikli bolandygyna ynanýaryn. Sebäbi biz ÝB-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, esasanam Türkmenistanyň diplomatiýasynyň bilimine, aragatnaşyklaryna we düşünişmelerine ýokary baha berýäris – siz goňşularyňyzy, esasanam içerden gowy tanaýarsyňyz. Şonuň üçin, diýseň täsirli platforma döredendigimize ynanýaryn. Muňa duşuşygymyzyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar şaýatlyk edýär.
Biz her gezek Owganystan meseleleri boýunça hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiň mümkinçiliklerini çuňňur ara alyp maslahatlaşyp bileris. Şeýlelikde, biz Ýewropa Bileleşigi hökmünde bu formata ýokary baha berýäris. Şu günki mejlisde şeýle duşuşyklaryň ähmiýeti beýan edildi. Munuň bilen birlikde, bu formatyň çäginde çeýe hyzmatdaşlyk edip bileris we hyzmatdaşlarymyzyň sebitiniň tejribesini hem-de bilimlerini ulanyp bileris. Şonuň üçin dialogy bu formatda dowam etdirmäge şat.
— Türkmenistan bilen ÝB-iň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?
— Köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygymyz barada aýdanymda, gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda ösýändigini belläsim gelýär. Munuň subutnamasy, şu günler Türkmenistanyň bize (ÝB-MA) köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat platforma üpjün edendigidir. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan sebitara hyzmatdaşlygymyzyň ähli görnüşlerine işjeň gatnaşýar. Gatnaşyklaryň öňe gidýän ösüşi bar diýip pikir edýärin. Şol bir wagtyň özünde, köptaraplaýyn platformalarda gatnaşyklarymyzy berkitmek üçin berk mümkinçiligiň bardygyny belläsim gelýär.
Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň biziň üçin örän möhümdigini hemişe nygtaýarys. Sebäbi, birek-birege baglylyk hakda aýtsak, sebit biziň üçin syýasy we ykdysady taýdan gaty möhümdir. Şeýle hem biz sebitara ugurda howpsuzlyga, howanyň üýtgemegine we daşky gurşawa uly üns berýäris.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, bu ýerde hem dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň has-da güýçlenýändigini belläp bileris: üç ýyl ozal Aşgabatda ÝB-niň wekilhanasyny açdyk we bu biziň üçin Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşdygyny görkezmek üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan ädilen ädim boldy.
Köp ýyllaryň dowamynda wekilhanamyz Türkmenistanyň hökümeti bilen ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda sebit howpsuzlygy, daşky gurşaw, medeniýet, bilim we ýaşlar syýasaty meselelerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Umuman aýdanymyzda, gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmagy umyt edýän ikitaraplaýyn formatda birnäçe geljegi uly ýerler bar.
— Türkmenistanyň owgan ýolunda, owgan meselesini parahatçylykly çözmek ugrundaky tagallalaryna nähili baha berýärsiňiz?
— Türkmenistanyň bu ugurda köp iş edýändigini ýene bir gezek belläsim gelýär. Duşuşykda çykyş edenleriň, türkmen tarapynyň Owganystany parahatçylykly dikeltmekde edýän tagallalarynyň möhümdigini biragyzdan bellän sözleri muny subut edýär. Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen owgan ugrunda ägirt uly ynsanperwerlik işlerini alyp barýar. Siziň owgan halky bilen köp asyrlyk gatnaşyklaryňyz bar, bu ýurt bilen syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklar ýola goýuldy.
Hatda şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň özüni gaty sada alyp barýandygyny, ýagny özüni tanatmaýandygyny we özüni mahabatlandyrmaýandygyny aýdasym gelýär. Şu gün Owganystandaky şeýle kyn ýagdaýa garamazdan, ýurduňyzyň ynsanperwerlik işlerini işjeň alyp barýandygy we meselelerini parahatçylykly çözmäge işjeň gatnaşýandygy barada köp zat aýdyldy.
Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň Türkmenistanyň owgan meselesini parahatçylykly çözmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýändigini we siziň ýurduňyzyň sebitde bu meselede möhüm hyzmatdaşdygyny belläsim gelýär.
Material Türkmenisyanyň DIM-den berildi