Iň täze habarlar

Gyrgyzystanyň Maýa goýum agentligi Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny meýilleşdirýär

12.04.2023 | 21:59 |
 Gyrgyzystanyň Maýa goýum agentligi Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny meýilleşdirýär

Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli maýa goýum agentligi maý aýynda Aşgabat şäherine işewürlik missiýasyny guramagy meýilleşdirýär.

Işewürlik missiýasy, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşyklary ýola goýmak üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolup durýar.

Esasy üns senagat, oba hojalygy, ulag we halkara logistika daşamalary, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, şeýle hem myhmanhana we restoran işi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Binagärlik we gurluşyk, IT tehnologiýalary, şeýle hem halkara ulag pudagy, marketing we maslahat beriş pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: