Türkmenistana getirilmezden ozal gurluşyk materiallaryň satyn alynmagynyň maksada laýykdygy ýa-da däldigi barlanar
15.04.2023 | 12:55 |Gurluşyk we binagärlik ministri Guwanç Orunow ýurduň çägine getirilýän gurluşyk materiallarynyň tehniki, hil we gözellik häsiýetini barlamak barada buýruga gol çekdi. Resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda çap edildi.
Getirmegiň we seljermegiň tertibi Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş materiallaryny import etmeklik boýunça şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny kesgitlemek üçin kabul edildi.
Ol dürli desgalaryň gurluşygynda, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna gabat gelmeýän materiallary ulanmagy gadagan etmek üçin işlenip düzüldi.
Türkmenistanyň Ministrliginiň ýanyndaky Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi materialaryň seljermesini we bahalandyrmasyny geçirer. Düzgün eýeçiliginiň görnüşine garamazdan gurluşyk materiallaryny import edýänleriň ählisine degişlidir.
Indi materiallaryň döwlet ölçegine gabat gelýändigini kesgitlemek üçin ministrlik tarapyndan ýörite topar dörediler. Munuň üçin resminamalary Döwlet müdirligine tabşyrmaly, ol ýerde olary 10 iş gününiň dowamynda barlarlar. Soňra Döwlet müdirligi resminamalary ministrlige geçirýär, ol ýerde olaryň barlagyna 3 iş güni gider.
Diňe şondan soň ministr topary döretmek we onuň iş tertibi barada buýruga gol çekýär. Topar tehniki, gözellik we hil häsiýetlerini seljerýär we degişli teswirnamany düzýär, ol soňra ministre gola ugradylýar.
Tabşyrmak üçin şu aşakdaky resminamalar gerekdir:
— seljerme üçin ýüz tutma;
— esaslandyryş resminamalarynyň nusgasy, döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň nusgasy (ýuridiki şahslar üçin);
— hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminamanyň nusgasy we onuň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy (fiziki şahslar üçin);
— buýrujy we potratçy tarapyndan ylalaşylan, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriň sanawy;
— gurluşyk materiallaryny getirmeklik barada satyjy bilen baglaşylan şertnamanyň nusgasy (şertnamanyň ähli goşundylary bilen);
— TSTB-de agzalygyny tassyklaýan resminamasy (eger-de bar bolsa).
Gurluşyk ministrligi şu aşakdaky halatlarda ýüz dönderip bilýär:
— ýüz tutujy tarapyndan resminamalaryň doly möçberde berilmedik halatynda;
— berlen resminamalarda nädogry ýa-da aýrylan maglumatlaryň bar bolmagy;
— üpjün etme üçin buýrmany resmileşdirmegiň düzgün bozulmasynyň hasaba alynmagy;
— gurluşuk-timarlaýyş tehnikasynyň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna gabat gelmezligi;
— harydyň görkezilen bahasy resminamalar tabşyrylan pursadynda orta bahadan ýokary bolanda;
— resminamalaryň bu düzgünnama gabat gelmezligi.
Seljermede Topar şu aşakdakylary öwrenýär:
— öndürijiniň-ýurdunyň harydyň gelip çykyşyna gabat gelmek şahadatnamasy;
— harydyň dürli çeşmelerdäki, şol sanda internetdäki bahasy;
— ministrlige tabşyrylan täjirçilik teklipler;
— degişli harytlara islegiň artmagy ýa-da kemelmegi;
— gurluşyk-timarlaýyş tehnikasynyň tehniki döwlet standartlaryna gabat gelmegi;
— harydyň milli aýratynlyklara we ýerli howa şertlerine gabat gelmegi;
— Inkoterms — 2020 (söwdanyň halkara düzgünleri);
— tölegiň görnüşi we şertleri;
— üpjün etmegiň şertleri;
— satyn almanyň möçberi;
— harydyň gelip çykýan ýeriniň gol çekilen şertnamalara gabat gelmegi;
— kepilnama resminamalary;
— bahalaryň bazar bahalaryna gabat gelmegi, dünýä bazarynda baha konýukturasynyň ýagdaýyna baglylykda;
— goşmaça ylalaşyklar.
ORIENT habarlar