«Türkmen senagat» HJ damjalaýyn suwaryş ulgamynyň önümçiligine badalga berdi
17.04.2023 | 11:57 |«Türkmen senagat» Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup sargyt edijileriň ähli islegleri göz öňünde tutulyp ýasalýan damjalaýyn suwaryşyň ýokary tehnologiýaly ulgamynyň önümçiligini ýola goýdy.
Önümçilik wagtynda kompaniýanyň hünärmenleri ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň görnüşi, ösümlikleriň arasyndaky aralyk we başga-da köp beýleki ýagdaýlary we şertleri göz öňüne tutýarlar. Mundan başga-da, suwaryşyň bu ulgamyny awtomatlaşdyryp bolýar, bu bolsa serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
«Türkmen senagat» HJ tarapyndan teklip edilýän bu usuldaky suwaryş daýhan hojalyklaryna bugarmak we syzmak arkaly suwuň ýitmegini iň az mukdara çenli kemeldip, suwarmak üçin suwuň sarp edilişini 30-50% kemeltmäge mümkinçilik berýär. Çyglylyk ösümliklere turbajyklaryň ýörite ulgamy arkaly berilýär, olar suwuň gerekli mukdaryny ölçeýärler we suwy ösümligiň göni köküne berýärler.
«Türkmen senagatda» hiliň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän we köp ýyllaryň dowamynda ulanyp bolýan önümleri döretmäge ymtylýarlar. Şol sebäpli önümçilik üçin Türkiýeden satyn alnan iň täze enjamlar we ýokary hilli materiallar ulanylýar, ol bolsa ahyrky önümi azyndan 10-15 ýylyň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda «Türkmen senagat» Türkmenistanda turbalaryň dürli görnüşlerini öndürýän öňdebaryjy kärhanadyr. Kompaniýa 2018-nji ýylda döredildi we ilkibaşda polietilenden kiçi diametrli turbalary öndürmeklige ýöriteleşipdi. Wagtyň geçmegi bilen Hojalyk jemgyýeti özüniň ýöriteleşmesini giňeltdi we häzirki diametri 16 mm-den 1200 mm çenli bolan turbalary çykarýar.
«Türkmen senagat» HJ-niň önümi Türkmenistanyň köp sanly iri gurluşyk taslamalarynda ulanylýar, Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynda we «akylly» şäher Arkadagda giňden ulanylýar. Kompaniýa Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky kuwwatlygy her günde 20 müň kub m. deň bolan suw arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin plastik turbalary üpjün etmek boýunça tender-bäsleşiginde hem ýeňiji boldy.
Golaýda «Türkmen senagat» HJ diametri 110 mm-den 250 mm-e çenli bolan drenaž turbalarynyň önümçiligine başlady. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramyna çenli kompaniýa diametri 1000 mm bolan drenaž turbalarynyň önümçiligine başlamaklygy meýilleşdirýär.
Kompaniýanyň öndürýän ýene-de bir önüminiň görnüşi – kabellеr üçin diametri 16-dan 32 mm çenli bolan gofrirlenen turbalardyr, olar simleri mehaniki zeper ýetmeden, şöhlelenmeden, çygdan we ş.m. daşarky täsirlerden goramaga niýetlenendir. Gofrirlenen turbalaryň içerki ýüzi goşmaça çeýeligi üpjün edýär, bu bolsa oturtmakda towlanmanyň we eplenmäniň öňüni alýar.
«Türkmen senagat» HJ-niň önümleri Gruziýa, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe ýaly ýurtlara we başga-da birnäçe ýurtlara eksport edilýär. Häzirki wagtda önümi Moldowa ibermek boýunça işleri ýola goýmak meýilleşdirilýär, onuň üçin bu ýurda önümiň tanyşdyrylyş nusgalary ugradyldy.
Habarlaşmak üçin belgiler:
Tel.: (+993 61) 031450 — Jalaý Jalaýew, marketing we satuw boýunça ýolbaşçynyň kömekçisi.
Elektron poçta: info@turkmensenagat.com
Saýt: turkmensenagat.com
ORIENT habarlar