«ÝB — Merkezi Aziýa» ikini Ykdysady forum 19-njy maýda Almatyda geçiriler
14.04.2023 | 13:25 |«ÝB — Merkezi Aziýa» ikinji Ykdysady forum 19–njy maýda Almatyda (Gazagystan) geçiriler – diýip, Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.
Forumyň çäklerinde 18-nji maýda işewürlik – çäräniň geçirilmegine garaşylýar, onda wekiliýetler we hususy pudagyň işewürlik wekilleri iki sebitiň arasyndaky işewür aragatnaşyklara ýardam etmek meselesi boýunça pikir alşarlar. Duşuşygyň hyzmatdaşy bolup Halkara söwda merkezi çykyş edýär.
Foruma Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň Gyrgyzystanyň, ÝB-niň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşarlar.
«ÝB — Merkezi Aziýa» birinji Ykdysady forum 2021-nji ýylyň noýabrynda Bişkekde (Gyrgyzystan) geçipdi. Onda agza-ýurtlar sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda «ýaşyl» ugur boýunça giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
ORIENT habarlar