Iň täze habarlar

Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler

12.04.2023 | 15:12 |
 Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler

«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler.

13-nji aprelden 18-nji aprele çenli geçjek onlaýn-görnüşindäki tälim beriji webinarlar şeýle hem türkmen ulag kompaniýalaryny ýük daşamalar ugruna IT-ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen hem tanyşdyrar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Çäräni gurnaýjylar bolup «Türkmen logistika», CILT Central Asia we ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) çykyş etdiler.

Çärä bu ugurdan öňdebaryjy bilermenler işe çekilendir. 11-nji aprelde birinji seminaryň barşynda olar eýýäm awtoulagly ýük daşamalaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Geljekdäki tapgyrlarda hünärmenleriň uly bolmadyk ölçegdäki we aşa agramy bolan ýükleri daşamak we üpjün etmeleriň sowuk zynjyryny dolandyrmak bilen bagly meseleler boýunça anyk maslahatlary bermeklerine garaşylýar.

CILT ýerli ulag kompaniýalaryny häzirki zaman dünýäsinde logistikany ösdürmek üçin gerekli başarnyklar we bilim bilen tanyşdyrmak üçin dünýäniň 35 ýurdunda işleýär. Seminarlary üstümizdäki ýylyň her aýynda geçirmek meýilleşdirilendir.

ORIENT habarlar

Foto: pixabay.com

Şeýle hem okaň: