Türkmen kompaniýalary Global G. A. P. standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maslahatlary alyp bilerler
11.04.2023 | 12:19 |USAID-iň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasy Türkmenistandaky oba hojalyk önümlerini öndürijileri Global G.A.P. halkara standartlaryna ornaşdyrmak boýunça maslahatlary almaga çagyrýar.
Global G.A.P.-niň maslahatlary miweleri, gök önümleri, bakja ekinlerini hem açyk gruntda, şeýle hem ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmekligiň aýratynlyklaryna degişli meseleleri öz içine alar. Hususan-da, türkmen önüm öndürijileri oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin ýeri saýlap almak we topragyň häsiýetnamalaryna baha bermek, oba hojalyk ekinlerini işläp bejermekde agrotehniki çäreleriň geçirilmegi, däp bolup gelýän baglaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň maslahatlaryny alarlar.
Telekeçiler häzirki zaman çalt depginlerde alma bagçylyklaryny döretmegiň aýratynlyklary, Türkmenistanda üzümi ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny, gök-bakja ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreş çäreleri barada bilimlerini artdyrarlar.
USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasy türkmen agronomlarynyň açyk meýdandaky gök-bakja ekinlerini damjalaýyn usulda suwarmak babatyndaky, şorlaşan topraklarda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, organiki ekerançylyk, ýagny gök-bakja ekinlerini pestisidleri we beýleki awulary ulanmazdan ýetişdirmek babatynda habardarlygyny ýokarlandyrar.
Maslahatlar ýa uzak aralykdan (telefon ýa-da elektron poçta arkaly) ýa-da mellek ýerine göni baryp görmek arkaly berler. Maslahatlary almaga gyzyklanýan şahslar (her hojalyk üçin 10 sagada çenli möçberde) şu salgylanma boýunça elektron ýüz tutmany doldurmalydyrlar ýa-da aşakda görkezilen belgiler arkaly Maksatnamanyň agronomy bilen baglanyşmalydyrlar.
Akmyrat Gurdow, diplomly agronom-maslahatçy, Global G.A.P.-niň Türkmenistandaky halkara hasaba alnan tälimçisi. Telefon: (865) 09-29-03, E.poçta: akmurad.gurdov@gmail.com
Ýerleriň sany çäklidir.
Maslahat beriş hyzmatlary duşenbeden anna gününe çenli sagat 09:00-18:00 çenli berler.
Maslahatlary alandan soňra, yz ýanyndan Global G.A.P. standartlaryny öz hojalygynda doly ornaşdyrmak isleýän fermer hojalyklary Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamadan standart barada şahadatnamany almakda goldaw bermegini, şahadatnamanyň bahasynyň töleginiň 80%-ni (walýutada) bölekleýin tölemegi üçin dalaş edip bilerler.
Global G.A.P. standartlary dünýäde giň ýaýran oba hojalyk önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamydyr. Halkara Global G.A.P. şahadatnamasyny alan öndürijiler halkara bazarynda bäsleşikli artykmaçlyklara eýe bolýarlar, olaryň oba hojalyk önümleri bolsa ýokary islegden peýdalanýar.
Mundan başga-da, Global G.A.P. şahadatnamasyny almak halkara azyk bölek satuw torlaryna göni üpjün etmelere başlamaga mümkinçilik berýär, olar öz üpjün edijileriniň önümlerine has ýokary talaplary goýýarlar.
Üstümizdäki ýylyň mart aýynda Ýigit HJ Türkmenistanda ilkinji bolup Global G.A.P.-niň şahadatnamasyny aldy.
ORIENT habarlar