Iň täze habarlar

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» birnäçe hyzmatlary etmek boýunça tender yglan edýär

11.04.2023 | 17:31 |
 «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» birnäçe hyzmatlary etmek boýunça tender yglan edýär

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maýa goýum taslamasy boýunça auditorçylyk we hukuk hyzmatlaryny etmek boýunça Halkara ölçeglerine laýyklykda şu aşakdaky lotlar boýunça halkara tender-bäsleşigini yglan etdi:

— Lot 1 — toplumlaýyn maliýe barlagy;
— Lot 2 — toplumlaýyn hukuk barlagy;
— Lot 3 — maliýeleşdirmek ugruna baha berme geçirmek.

Gyzyklanýan edaralar we kompaniýalar öz tekliplerini «Türkmen maýa goýum kompaniýasyna» şu bildiriş çap edilenden soňra 15 günüň dowamynda bermelidirler.

Tehniki ýumuşy talap boýunça elektron poçta arkaly turkmeninvest@sanly.tm ýa-da — şu salgydan: Aşgabat ş, Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32 alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 48 19 28, +993 12 48 19 38.

«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi ösüş gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda Türkmenistanyň maýa goýum senagatyny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen döredilipdi. Kompaniýa Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirmek mümkinçiligini berýär.

ORIENT habarlar

Foto: ÝGPJ «Türkmen maýa goýum kompaniýasy»

Şeýle hem okaň: