Gazagystanyň awtokranlar boýunça distribýutor kompaniasy türkmen bazaryna çykar
11.04.2023 | 10:39 |Gazagystanyň ýöritelşdirilen tehnika boýunça Eurasian Machinery kompaniýasynyň distribýutory ýakyn wagtda Manitowoc kompaniýasyndan nemesleriň Grove awtokranlarynyň satuwyny türkmen bazarynda öňe sürmekligi niýet edinýär – diýip, vertikal.net. habar berýär.
«Biziň önümleri ýerlemek boýunça ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň hasabyna Merkezi Aziýadaky ornumyzy güýçlendirmegimiz bize sebitde agyr tehnika, aýratyn hem ykjam kranlara bolan artýan islegi kanagatlandyrmaga kömek eder» - diýip, öndüriji-kompaniýanyň beýanatynda nygtalýar.
Ýük göterijiligi 130 tonna, göteriş beýikligi 95 metre çenli bolan her ýerde işläp bilýän awtomobil kranlarynyň peýda bolmagyna Özbegistanda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda garaşýarlar. Şeýlelik bilen, kompaniýa tutuş sebitiň çäginde işlemegi meýilleşdirýär.
Eurasian Machinery kompaniýasynyň diňe bir Gazagystanda däl, eýsem Özbegistanda we Gyrgyzystanda ýerleşýän eýýäm 10 ofisi bar. Kompaniýa agyr ýöriteleşdirilen tehnikanyň iri sebitleýin distribýutory bolup durýar.
ORIENT habarlar