Türkmenistanyň onlaýn-dükanlary müşderilere «Oraza horjunyny» teklip edýärler
10.04.2023 | 17:47 |Onlaýn-söwdanyň meşhur türkmen platformalary «Oraza üçin ýörite horjunlary» satyn almak mümkinçiligini teklip edýärler — mukaddes aýyň dowamynda selärlik we agyz-açar üçin önümleriň toplumyny hödürleýärler.
Toplum miweleri we gök önümleri, dänelileriň we kösüklileriň dürli görnüşlerini, un-aş önümlerini, bugdaý ununy, şekeri we duzy, günebakar ýagyny, konserwirlenen önümleri, şeýle hem kofe, çaý, mürepbe, hurma we beýlekileri öz içine alýar.
«Abadançylyk bukjasynyň» ölçegi boýunça tapawutlanýandygyny we degişlilikde — bahasynyň hem üýtgeýändigini bellemelidiris. Saýtda müşderiniň özi horjuny özüne gerekli harytlar bilen saýlap bilýär.
Toplumlar agyz bekleýän we gerekli önümleriň ätiýaçlygyny edinmek isleýänler üçin döredilendir. Olaryň elýeterli bolmagy Türkmenistanda elektron täjirçiligiň ösýän senagatynyň görkezijisidir, şeýle hem ýurtda onlaýn-söwda etmäge bolan islegiň artýanlygynyň görkezijisidir.
ORIENT habarlar