Iň täze habarlar

70-e golaý türkmen kompaniýalary türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar

07.04.2023 | 11:52 |
 70-e golaý türkmen kompaniýalary türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar

Türkmenistandan 70-e golaý kompaniýa 9-njy aprelde Duşenbede boljak bilelikdäki türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar – diýip, Asia Plus habar berýär.

Çeşmäniň maglumatyna görä, öňde duran işewürlik forumyna we eksport sergisine Türkmenistandan hojalyk tehnikasyny, plastik önümleri, dokma önümlerini, süýji önümlerini we kanselýariýa harytlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen kompaniýalar gelerler.

Bulardan başga-da, syýahatçylyk operatorlarynyň, gurluşyk we maslahat beriş kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-11-nji aprelde Täjigistana sapar bilen barjakdygy barada habar berlipdi.

Iki dostlukly ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy $12 milliona golaý diýlip bahalandyrylýar.

ORIENT habarlar

Foto: tpp.tj

Şeýle hem okaň: