Türkmenistanda ÝTÖB-nyň işewürlik üçin internetde satuwlary artdyrmak boýunça okuwy tamamlandy
06.04.2023 | 00:34 |Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Ýewropa birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde türkmen telekeçileri üçin «Internetde satuwa başlamak we satuwlaryň gerimini artdyrmak. Sanly marketing hereketde» atly okuw geçirdi. Okuw kursy hem nazaryýet, şeýle hem amaly sapaklary öz içine aldy.
Maksatnamanyň elliden gowrak gatnaşyjysy harytlary onlaýn-satuwa başlamak boýunça alnyp barylmaly işler we onlaýn-satuwy artdyrmagyň usullary bilen tanyşdylar, şeýle hem internetde hususy telekeçiligi ösdürmek üçin onlaýn-gurallardan peýdalanmak işi bilen tanyşdylar.
Okuw kursunyň barşynda alyp baryjylar işewürligiň wekillerini iň täze nazaryýet we tejribe bilen tanyşdyrdylar. Okuwa gatnaşyjylar ýunit ykdysadyýet barada, Instagramda mahabat barada öwrendiler, Google gözleg mahabaty, CRM-ulgamlary, bazar ýerlerinde (marketpleýs) işlemegiň düzgünleri we başga-da köp zatlary bildiler.
Çykyş eden tälimçiler ýygnananlara onlaýn-satuwyň maksatlaryny dogry goýmagy, harytlary we hyzmatlary öňe sürmek üçin kanallary kesgitlemegi, edilen işiň netijeliligine baha bermegi öwretdiler.
Okuw tamamlanandan soňra okuw kursuny özleşdiren gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
ORIENT habarlar