Daşoguz welaýatynyň onlarça mekdebinde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler
06.04.2023 | 15:38 |Daşoguz welaýatynyň häkimligi orta bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Gürrüň Şabat etrabyndaky 7-nji, 42-nji we 43-nji orta mekdepleriň, şeýle hem 8-nji çagalar bagynyň, Görogly etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň, Boldumsaz etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň, S.Türkmenbaşy adyndaky etrapda 15-nji, 19-mjy, 20-nji, 81-nji orta mekdepleriň, Akdepe etrabyndaky 59-njy, 63-nji, 66-njy, 106-njy orta mekdepleriň we 1-nji çagalar bagynyň, Daşoguz şäherindäki 16-njy, 26-njy, 33-nji mekdepleriň abatlanmagy hakynda barýar.
Bäsleşik Türkmenistanyň çäklerinde hasaba alnan kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Gatnaşmak üçin kompaniýanyň adyny we onuň hukuk derejesini görkezýän haty, maddy-tehniki binýady baradaky maglumat we TSTB-den kepilnama bilen bilelikde ugratmaly.
Teklipler 2023-nji ýylyň 12-nji apreline çenli şu salgyda kabul edilýär: Daşoguz şäheri, S. Türkmenbaşy şaýoly, 10/1 (welaýat häkimliginiň binasy).
Habarlaşmak üçin telefon: 800322-9-03-02.
ORIENT habarlar