Iň täze habarlar

Türk kompaniýalary Türkmenistanda dermanlary öndürýän toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp bilerler

06.04.2023 | 12:54 |
 Türk kompaniýalary Türkmenistanda dermanlary öndürýän toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp bilerler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny çagalar üçin önümleri öndürýän toplumyň, şeýle hem Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda derman serişdelerini öndürmek boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy – diýip, TDH habar berýär.

Teklip Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň baştutany Rifat Hisarjyklyoglunyň döwlet ähmiýetli täze şähere saparynyň dowamynda aýdyldy.

Saparyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy türk myhmanyna täze şäheriň binagärlik keşbiniň aýratynlyklaryny, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirlen desgalaryň bezeg işlerini görkezdi.

Palatalar birleşiginiň başlygynda milli binagärlik sungatynyň düzümlerini we döwrebap öňdebaryjy tejribäni utgaşdyrýan kottež toplumynyň aýratynlyklary uly täsir galdyrdy.

ORIENT habarlar

Foto: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

Şeýle hem okaň: