ABŞ-nyň kompaniýalary Türkmenistanda grafiti we wodorodyň çykarylyşyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýärler
06.04.2023 | 12:52 |Amerikan telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iňňe görnüşli koksyň önümçiligini, onuň esasynda bolsa — grafitirlenen elektrodlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça taslamany ýerine ýetirmeklige gyzyklanýarlar.
Bu barada Amerikanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistana gelen Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň müdirliginiň baştutany Igor Ýurçenko gürrüň berdi – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Esasy inžener işläp çykarmalary TNGZT-iň hünärmenleri bilen eýýäm ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy, toplumyň kuwwatlyklaryna esaslanan önümçiligi durmuşa geçirmek gysga wagtyň içinde bolup geçer.
Şeýle hem kompaniýa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda kuwwatlygy 1 mln tonna bolan gaz kondensatynyň we nebitiň garyndysyny rektifikasiýa ediji täze desganyň gurluşygynyň taslamasyny hödürledi.
Häzirki wagtda grafit atom, metallurgiýa, himiýa we kosmetika pudaklarynda işjeň ulanylýar. Bu önüm bilen bazary üpjün edijileriň sany çäklidir. Dünýäde onuň çykarylyşynyň kemelmegi sebäpli, bu ugur boýunça Türkmenistanyň öňünde giň mümkinçilikler açylýar.
Şeýle hem kompaniýa Türkmenistanyň çäginde wodorody giňden öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny belläp, daşky gurşawy goramak tehnologiýalaryna ünsi çekdi. Wodorod energiýanyň alternatiw çeşmesi hasaplanýar, ol ýangyjyň iň geljegi uly görnüşleriniň biridir.
ORIENT habarlar