ÝTÖB «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypaçylyk mekdebi 2023» taslamasyna badalga berýär
04.04.2023 | 05:52 |Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «Zenanlar telekeçilikde» maksatnamasynyň çäklerinde Ýewropa Birleşiginiň goldamagynda geçirilýän «Türkmenistanyň zenan telekeçileri üçin halypaçylyk mekdebi 2023» taslamasyna ýazylyşygyň başlanandygyny yglan edýär.
Gatnaşmak üçin ýüz tutmany täze başlaýan telekeçi zenanlar, şeýle hem işewürligi alyp barmakda 1 ýyl ýa-da ondan hem köp iş tejribesi bolan ýolbaşçylar tabşyryp bilýärler. Geljekdäki dalaşgärler 25-nji aprele çenli anketany doldurmalydyr .
Mekdebiň netijä ýetmäge höwesi bolanlar, öz işini ösdürmek üçin gyzyklanma eýe bolanlar, öz şahsy durmuşynda we işewürlikde üýtgetmelere taýýar bolanlar üçin açykdygyny göz öňünde tutmalydyrys. Mümkin bolan gatnaşyjynyň şeýle hem 2 aýyň dowamynda her aýda azyndan 2 sagat halypa bilen gepleşmäge mümkinçiligi we wagty bolmalydyr (şahsy duşuşyk ýa-da onlaýn-duşuşyk).
Iki aýlyk maksatnama zenan telekeçilere täze işewürlik mümkinçiliklerine we bilimlere elýeterlilik döredip, olary öz işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge höweslendirer, işewürligiň beýleki ýolbaşçylary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer we degişli maslahatlary işläp düzmäge mümkinçilik berer.
Taslama Ýewraziýanyň işewürlik we telekeçilik mekdebi tarapyndan ýerine ýetiriler, ol bilim ekoulgamlarynyň, şol sanda zenanlar üçin halypaçylyk we akselerasiýa maksatnamalaryň döredilmegine ýöriteleşýär. Gurama Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň «Gazagystanyň zenan telekeçileri üçin halypaçylyk» maksatnamasynyň 2017-nji ýyldan bäri opartory bolup durýar.
ORIENT habarlar