Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy enjamlaryny döwrebaplaşdyrýar
05.04.2023 | 05:11 |Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti tele- we radio enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi - diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Enjamlary täzelemäge gatnaşmaga daşary ýurt we öz ýurdumyzdaky kompaniýalar çagyrylýar. Munuň üçin gatnaşyjyny we onuň hukuk derejesini, şeýle hem hasaba alnyş resminamalaryny we rekwizitleri görkezip, ýazmaça görnüşde ýüz tutma tabşyrmaly.
Şeýle hem enjamy öndüriji ýurdy we enjamyň hlini tassyklaýan resmnamalary hödürlemek göz öňünde tutulandyr. Teklipler 2023-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, teleradiogepleşikleriň ýaýlyma beriş «Türkmenistan»Merkezi
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-23-33, 44-22-00.
ORIENT habarlar