Iň täze habarlar

18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler

10.03.2023 | 22:11 |
 18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler

18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekişlik çäresi geçiriler. Bu barada karara Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn edaralara, welaýat dolandyryş merkezlerine we Aşgabat şäher häkimligine bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyrylýar.

Şu ýyl tutuş ýurt boýunça dürli bag nahallarynyň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. Olardan 1,5 milliony öňümizdäki şenbe güni badalga aljak ýazky ekiş möwsüminde oturdylar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: