Türkmenistanyň Dubaýdaky nebitgaz maslahaty: energiýa geçişligi şertlerinde maýa goýumlary
23.03.2023 | 00:47 |Bütin dünýäde nebite we gaza bolan isleg ýakyn geljekde bu pudaga goýulýan maýa goýumlaryň möçberiniň köpelmegini talap edýär, ýogsam energiýa bazaryndaky üpjünçiligiň kemelmegi bahalaryň aşa ýokarlanmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa COVID-den soňky dünýä ykdysady dikelişini haýalladar we global energiýa howpsuzlygyn yhowp astynda goýar.
Häzirki wagtda Halkara energetika agentligi (IEA), Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) uglewodorodlara bolan isleg ýakyn on ýylda iň ýokary derejesine ýetip, şondan soň pese düşer diýip, hasaplamaýar.
Munuň tersine, baha çaklamalarynda tapawut bolsa-da, IEA we OPEK 2030-njy ýyla çenli nebitgaza bolan zerurlygyň artmagyna garaşýarlar. Ýagny, bu mowzuk ykdysady dikeldiş, energiýa howpsuzlygy, durnukly ösüş we sosial deňlik baradaky islendik dialogda aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.
Şu günler 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-nyň Dubaý şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça foruma işjeň taýýarlyk görülýär.
Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit gepleşiklerini işjeňleşdirmekdir. Forum milli we halkara energiýa kompaniýalaryny, nebit-gaz pudagynyň geljegini transmilli derejede kesgitleýän hünärmenleri birleşdirer.
Bu çärä gatnaşmaga isleg bildirýänleriň eýýäm 100-den gowragy hasaba alyndy. Olaryň arasynda BAE ýokary derejeli hökümet agzalary, iri nebitgaz kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bar.
Çäräniň esasy ünsi Demirgazyk Çelekendäki 21-nji we 23-nji deňiz bloklaryna, öňden gelýän känlerde nebit çykarmagy işjeňleşdirmäge we dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça ikinji iri kän bolan «Galkynyş» käniniň indiki tapgyryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlary çekmäge gönükdiriler.
GaffneyCline britan kompaniýasy "Türkmennebit" döwlet konserniniň hünärmenleri bilen bilelikde Hazar deňziniň türkmen bölegi üçin maýa goýum bukjalaryny taýýarlamaga girişdi.
Ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, maýadarlaryň dykgatyna gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynyň mümkinçilikleri ýetiriler. Türkmenistanyň amatly tebigy we howa şertleri gün we ýel energiýasynyň netijeli ösmegine goşant goşýar. Altyn Asyr kölüniň golaýynda gurulýan we şu ýyl işe girizilmegi meýilleşdirilýän kuwwatlylygy 10 megawatt bolan gün-ýel elektrik stansiýasy muňa aýdyň mysal bolup biler. Taslama Abu Dabiniň Ösüş Gaznasy (ADFD) tarapyndan maliýeleşdirilýär, gaznanyň ýolbaşçylary hem Dubaýda geçiriljek maýa goýum forumyna gatnaşýandyklaryny tassykladylar.
Çäräniň maksatnamasy uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiýa bilen baglanyşykly meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy öz içine alýar. Maslahatda Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň, önümçilik-ýerlemek zynjyrynda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny hasaba almagyň usullaryna degişli möhüm meselelere garalar. Kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak, degişlilikde, tebigy gaza islegiň artmagy, dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge çalyşmagy bilen baglylykda, dünýä energetikasynyň ösüşinde esasy uzak möhletleýin ugurdyr. Forumda Türkmenistanda önümçiligi paýlaşmak şertnamasynyň çäklerinde işleýän halkara nebit kompaniýalarynyň amaly mysallaryna serediler.
Mundan başga-da, milli nebit kompaniýalary metanyň we CO2 zyňyndylaryny azaltmak boýunça iň soňky täzelenmeleri we hereket meýilnamasyny hödürlärler.
BMG-nyň metan boýunça Global obserwatoriýasynyň, şeýle hem öňdebaryjy daşky gurşaw guramalarynyň wekilleri Dubaý maslahatyna gatnaşýandygyny tassykladylar. Ýylyň ahyrynda Dubaýda COP 28 global klimat sammitiniň geçiriljekdigini bellemelidiris, onuň maksady mitigasiýa, uýgunlaşma, ýitgiler, zyýanlar we howanyň üýtgemegine garşy göreşiň maliýeleşdirilmegi boýunça çözgütleri bilelikde gözlemekden ybarat bolar.
Umuman aýdylanda, maslahatyň ýangyç we energetika pudagynda Türkmenistanyň baý gorlaryny hödürlemekden başga-da, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin, energiýa syýasatynyň tendensiýalaryna has çuňňur düşünmek arkaly uzakmöhletli maýa goýum geljeginde bazaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmak üçin amatly meýdança boljakdygy düşnüklidir.
Energetika geçişini maliýeleşdirmeklige bilelikdäki inklýuziw çemeleşme üstünlik gazanmak üçin nebit-gaz we maliýe pudaklarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy talap edýär.
Işewürlik duşuşygy çalt üýtgeýän global energiýa bazarynda ýüze çykýan energiýa howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň ýagdaýy bilen baglanyşykly artýan töwekgelçiliklere ylalaşykly halkara jogap çärelerini pugtalandyrmaga ýardam berer, bu önüm öndürijiler bilen sarp edijileriň arasyndaky gepleşikleriň gerimini giňeldip, maýa goýumlaryndaky päsgelçilikleri aýyrar.
Foruma gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak dowam edýär. Giňişleýin maglumatlar üçin: www.ogt-turkmenistan.com .
ORIENT news