Dubaýda roud-şou: Türkmenistan global maýadarlary hyzmatdaşlyga çagyrýar
12.03.2023 | 22:57 |2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şounyň guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
Çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläkki durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny berkitmek bolup durýar. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda nebiti we gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek bilen gönüden-göni bagly bolan mümkinçiliklere garalar. Çäräniň dowamynda nebit we gaz çykarmak, daşamak we gaýtadan işlemek bilen bagly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Roud-şou çäresine öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini formirleýän bilermenler gatnaşar.
Bütin dünýäniň giň gerimde täze energiýa görnüşlerine geçmäge synanyşýan döwürde Türkmenistan hem özgerýär. Ýurdumyzyň bu babatda dünýäniň iň uly guryýer ýatagy bolan “Galkynyş” käninden başlap, gün we ýel energiýasynyň netijeli ösmegi üçin amatly tebigy we howa şertlerine çenli, hödürläp biljek gory uly. Türkmenistanyň baý uglewodorodlar çeşmesi ýakyn wagtda Dubaýda geçiriljek Halkara roud-şounyň üns merkezinde bolar, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy energiýa kompaniýalary bu strategiki möhüm ugurda daşary ýurt maýadarlary üçin giň mümkinçilikleri hödürlär.
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagyny işjeň ösdürýär. Abu Dabiniň Ösüş Gaznasynyň maliýeleşdirmeginde 2023-nji ýylda Altyn Asyr kölüniň golaýynda guruljak kuwwatlylygy 10 megawatt bolan gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurluşyk taslamasy muňa aýdyň mysal bolup biler.
Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjysydyr. Ýurduň uglewodorod serişdeleri nebit ekwiwalentinde 71 mlrd tonnadan gowrak diýlip çaklanylýar, şolaryň 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gazdyr. Bu maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazynyň iň iri sarp edijisi Hytaý Halk Respublikasydyr. Türkmenistan Hytaýy Merkezi Aziýanyň gaz geçiriji ulgamynyň üç şahasy (A, B, Ç) boýunça her ýylda 30 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz bilen üpjün edýär. D şahasynyň gurlup, ulanyşa goýberilmegi bilen bolsa türkmen tebigy gazynyň her ýylky ugradylýan möçberi, şertnamada görkezilişi ýaly, 65 mlrd kub metre ýeter. Türkmenistan şeýle hem Russiýa, Eýrana we onuň üsti bilen Azerbaýjana gaz iberýär.
COVID-19-yň netijelerine we dünýäniň energetika bazaryndaky sarsgynlyklara garamazdan, Türkmenistan we onuň hyzmatdaşlary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegi goldamagyny dowam edýär. Uzynlygy 1853 km bolan turbageçiriji arkaly tebigy gazyň 33 milliard kub m. çenli möçberi “Galkynyş” ýatagyndan Owganystandaky üç nokada, Pakistandaky üç nokada we Hindistan bazaryna ibermek üçin pakistan-hindi serhedindäki iň soňky nokada ugradylar. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gönüleýin bölegi ulanyşa girizilýär.
Çäräniň esasy ünsi Demirgazyk Çelekendäki 21-nji we 23-nji deňiz bloklaryna, öňden gelýän känlerde nebit çykarmagy işjeňleşdirmäge we dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça ikinji iri kän bolan «Galkynyş» käniniň indiki tapgyryny işläp taýýarlamaga maýa goýumlary çekmäge gönükdiriler.
Türkmenistan Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenarlarynda we gury ýerde känlerini işjeň işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň şertnamalaýyn çäklerinde ENI, Dragon Oil, Petronas ýaly öňdebaryjy hzalkara nebit kompaniýalary iş alyp barýarlar.
Häzirki wagtda tebigy gazyň eksporty bilen bir hatarda, Türkmenistan uzakmöhletleýin geljekde ýurduň ykdysadyýetinde esasy orny eýeläp biljek uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemeklige aýratyn üns berýär. Soňky ýyllarda gazhimiýa toplumlarynyň ençemesi işe girizildi, ýakyn geljekde bolsa, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary bahaly önümleri öndürmek üçin, ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumy tarapyndan tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän beýleki strategiki taslamalaryň arasynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň durkuny täzelemek taslamasy bar. Bu ýyl ady agzalan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek we wodorod öndürmek üçin goşmaça desgalar gurlar.
Dubaýdaky roud-şou şu ýyl Türkmenistanyň milli energetika kompaniýalary tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler toplumynyň biri bolmak bilen, ol maýa goýumlaryny çekmek üçin täze çemeleşmäni alamatlandyrýar. Aşgabatda geçirilen soňky OGT-2022 maslahatynda GaffneyCline britan kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegi üçin maýa goýum bukjalaryny taýýarlamakda "Türkmennebit" döwlet konsernine maslahat goldawyny bermek barada şertnama baglaşdy. Bukjalar we tenderler barada has giňişleýin maglumat Dubaýda hödürlener.
Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, Halkara roud-şou çäresi energetikanyň geljegi; täze eýýamyň energiýasy; içerki we sebit ösüşiniň geljegi; uglewodorodlary işläp taýýarlamagyň ekologiýa jähtleri, ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar arkaly energetiki geçişi çaltlaşdyrmak ýaly temalara bagyşlanar. Şeýle hem, möhüm şertnamalara we özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistanda “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” we “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda” kanunlaryň kabul edilmegi bu ugurda pugta hukuk binýadynyň kemala gelendiginiň subutnamasydyr. Bu kanunlar uzakmöhletli daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we döwlet kepilliklerini we maýa goýumlarynyň ygtybarly kanuny goragyny we olaryň gaýtarylmagyny üpjün etmek maksady bilen ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir. Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň esasy faktorlarynyň arasynda ýurtdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, şeýle hem ygtybarly kanunçylyk binýady we döwlet kepillikleridir.
Çärä we onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklaryna gatnaşmaklyk habarlylygy ýokarlandyrmaga we potensial maýadarlara Türkmenistanyň energiýa pudagynda täze maýa goýum taslamalary barada ilkinji çeşmelerden zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berer, diýip ynanýarys.
Dubaýda geçiriljek çärä baryp, gatnaşyp bilmejekler üçin Zoom platformasynyň üsti bilen göni ýaýlym guralar. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar onlaýn görnüşde bolşy ýaly, ýüzbe-ýüz görnüşde hem elýeterli bolar.
Roud-şou çäresi özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolup hyzmat eder.
ORIENT news