Bouygues Turkmen Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary izygiderli geçirer
01.03.2023 | 11:26 |Bouygues Turkmen kompaniýasy özüniň Carbon Training Center okuw merkezinde Aşgabatda çagalar üçin ekologik aksiýalary yzygiderli geçirmegi niýet edinýär – diýip, kompaniýanyň wekilleri ORIENT-e gürrüň berdiler.
Bu çäreler okuwçylary ekologiýa barada möhüm faktlar bilen tanyşdyrar, olara howanyň üýtgemeginiň sebäbine düşünmäge kömek eder we her kimiň ekologiýa meseleleri çözmäge nädip şahsy goşant goşup biljekdigini gyzykly görnüşde gürrüň berer.
Carbon Training Center-däki ilkinji eko-çäre 25-nji fewralda geçirildi. Oňa A. S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçylary geldiler.
Aşgabatdaky bilelikdki türkmen-rus mekdebiniň 5-nji “B” synp okuwçylary Bouygues Turkmen-iň eko-çäresinde, 25-nji fewral
Moderatorlar okuwçylaryň ekologiýa barada köp faktlar bilen tanşyp bilmekleri, howanyň üýtgemeginiň sebäplerine düşünmegi we her kimiň ekologiýa meseleleri çözmekde nädip goşant goşup biljekdigini bilmekleri üçin çagalar üçin ”Howa freskasy” atly gyzykly oýun-trening geçirdiler.
Eko-meýletinçi Galina Dobrowa we DÖM-nyň ýaş ilçisi Gülşat Aidowa okuwçylara zibilleri gaýtadan işlemegiň möhümdigi barada gürrüň berdiler we zibilleri sortlara bölmek boýunça oýun-trening geçirdiler.
Bouygues Turkmen-iň uglerodyň galyndysyny azaltmak boýunça komitetiniň baştutany Mammed Fataliýew we kompaniýanyň korporatiw durmuşy boýunça jogapkärçilik komitetiniň ýolbaşçysy Ýelena Spiridonowa batareýalaryň ulanylmagynyň daşky gurşawa edýän zyýany barada presentasiýa görkezdiler. Onuň maksady batareýalaryň dogry ýok edilmegini gürrüň bermek, şeýle hem has ekologik hasaplanylýan gaýtadan zarýada goýulýan akkumulýatorlara geçilmegini höweslendirmekdi.
Bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary plastikden ybarat hojalyk zibilini gaýtadan işlemäge tabşyrýarlar
Ýetginjek myhmanlar plastigi gaýtadan işlemek meselesine jogapkärli çemeleşdiler we plastik zibili gaýtadan işlemäge tabşyrmaga gatnaşdylar – olar adatça hojalyk zibiline taşlanylýan plastikden edilen zatlary öýlerinden getirdiler we köp gezek ulanyp bolýan mata torbalary aldylar, olar bolsa dükana gidilende ulanylýan plastik paketleriň mukdaryny azaltmaga kömek edip biler.
Çagalaryň gurnaýjylardan we çagyrylan bilermenlerden alan bilimleri olarda täsir galdyrdy, olar interaktiw oýunlara höwes bilen gatnaşdylar we ekologiýa baradaky multfilmeleriň ýygyndysyna seretdiler.
Çagalaryň gatnaşmagyndaky indiki eko-çäre Bouygues Turkmen-de 3-nji, 4-nji we 11-nji martda geçiriler.
Daşky gurşaw barada alada etmek üçin, fransuz senagat topary Bouygues uglerodyň galyndylaryny kemeltmek boýunça özüne borçnama aldy we Howa strategiýasyny kabul etdi, oňa laýyklykda ol 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňylyşyny 30% kemeltmelidir.
ORIENT habarlar