Iň täze habarlar

Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryny goldaýar

11.01.2025 | 05:05 |
 Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryny goldaýar

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny tassyklamak barada Karara gol çekdi.

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara topary Migrasiýa boýunça halkara guramasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi bilen bilelikde taýýarlanan resminamada abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutulan.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça berk kanunçylyk binýady döredildi. Öz wagtynda bu ugurda hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän “Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakynda” kanun kabul edildi.

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, üpjün etmek we goramak ulgamyny güýçlendirmek maksady bilen taýýarlanan Hereketleriň milli meýilnamasy öňüni alyş häsiýetine eýedir we giňişleýin görkezme düzgünlerini öz içine alýar. Resminama maksatlaýyn çäreleri, olary durmuşa geçirmegň möhletlerini we degişli görkezijileri anyk kesgitleýär.

Ozal ýurtda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2016 – 2018 we 2020 – 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirildi. Geljekki bäş ýyly öz içine alýan häzirki döwürde Türkmenistan adam söwdasy ýaly adamzadat üçin ýiti howpuň öňüni almak we adam hukuklaryny goramak hem-de öňe sürmek boýunça halkara tagallalaryna goşant goşmak bilen dünýä jemgyýetçiligi bilen utgaşdyrylan gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkär guramalara, onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyrylýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda beýan edildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: