Türkmenistan we ÝUNIDO gidrohlorftoruglerodlardan tapgyrlaýyn ýüz döndermek boýunça taslamany ýerine ýetirýär
28.02.2023 | 11:14 |Türkmenistan BMG-niň ÝUNIDO senagat ösüşi edarasy bilen gidrohlorftoruglerodlardan tapgyrlaýyn ýüz döndermek boýunça taslamany ýerine ýetirýär – diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Meýilnama 2025-nji ýyla çenli ozon gatlagyny zaýalaýan himiki jisimleriň sarp edilişini we öndürilişini mümkin boldugyça azaltmaga niýetlenendir we GHFU-nyň esasy sarp edilişini 67,5% azaltmak boýunça Türkmenistana maksatlaýyn görkezijä ýetmäge kömek etmekdir.
Şunuň bilen baglylykda, ÝUNIDO-nyň jemgyýetçilik aragatnaşyklary boýunça hünärmeni Çarlz Artur Türkmenistanyň ozon gatlagyny zaýalaýan jisimler boýunça Monreal teswirnamasyna Kigaliý düzedişini tassyklan ilkinji Merkezi Aziýa ýurdy bolandygyny belledi. Bu düzediş gidrohlorftoruglerodlaryň sarp edilişini we öndürilişini kem-kemden azaltmak babatynda halkara ylalaşygy bolup durýar, gidroftoruglerodlary (GFU) ýurtlaryň öndürmekden ýüz döndürmäge borçlanan jisimleriň sanawyna goşýar.
Gidroftoruglerodlar (GFU) özünde hlor saklanok, şol sebäpli olar ozon gatlagyny zaýalanok. Ýöne olar howanyň üýtgemegine täsir edýän güýçli parnik gazlarydyr.
ORIENT habarlar