Iň täze habarlar

Täze fransuz gaznasy Afrikada gün energetikasynyň ösdürilmegini maliýeleşdirer

25.02.2023 | 10:06 |
 Täze fransuz gaznasy Afrikada gün energetikasynyň ösdürilmegini maliýeleşdirer

RGREEN INVEST täze fransuz maýa goýum gaznasy $92,63 million ABŞ-nyň dollary bilen Günbatar we Merkezi Afrikada gün energiýasynyň öndürilmegini maliýeleşdirer – diýip, fransuz gaznasynyň dolandyryjysynyň beýanatyna salgylanyp,Reuters agentligi habar berýär.

Gazna bu yklymyň kiçi we orta söwda we senagat sarp edijileri üçin torlaýyn we awtonom gün elektrik stansiýalaryny maliýeleşdirýär.

Taslama sebitleýin işläp düzüjilere we ýerli senagat kompaniýalaryna gün infrastrukturasyny ösdürmek üçin aktiwleriň esasynda göni karzlary berer. Şeýle hem gazna ýerli pul serişdelerinde maliýeleşdirme teklip edýär.

ORIENT habarlar

Foto: reuters.com

Şeýle hem okaň: