Daşoguzda Aral deňziniň sebitinde ýer serişdelerinden durnukly peýdalanmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
18.02.2023 | 15:23 |BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Daşoguz welaýatynda Aral deňziniň sebitindäki ýer serişdelerini gorap saklamak we olardan durnukly peýdalanmak boýunça tegelek stol geçirdi – diýlip, guramanyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.
Çäräniň maksady – geljekde degişi taslamany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly tehniki, guramaçylyk we beýleki meseleleriň çözülmegine ýardam etjek ýerli iş toparyny döretmekdir.
Tegelek stol «Aral deňziniň sebitindäki ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary köp bähbitler üçin goramak we olardan durnukly peýdalanmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy, ol BMGÖM-sy bilen Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen billeikde ýerine ýeitrilýär.
Taslama Bütindünýä Ekologik Gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol ýerleriň zaýalanmagyny bitaraplaşdyrmaga ýardam etmäge, Aral ýakasynda ýer we suw serişdeleriniň dikeldilmegine we ulanylyşynyň gowulandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.
ORIENT habarlar