Russiýada Hazar düwlenlerini gaýtadan sanarlar
16.02.2023 | 11:03 |Russiýanyň Tebigat baradaky ministrligi tarapyndan her ýylda deňziň kenarynda öli tapylýan Hazar düwlenleriniň gyşky sanawy geçiriler – diýip, ministrligiň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Hasaba almaklyk fewralyň aýagynda başlanar we martyň ortasyna çenli dowam eder. Edil şu döwürde düwlenleriň hemmesi diýen ýaly uly buz örtügi bilen örtülýän Russiýanyň çäkindäki suwlaryna köpelmek üçin gelýärler.
Ministr Aleksandr Kozlow düwlenleriň sanyndan başga-da, alymlar olaryň ýaşaýyş gurşawyny öwrenerler, aýratyn hem, gazyň tebigy zyňylmalary bolan etraplardaky ýaşaýyş gurşawyny öwrenerler, Russiýanyň kenar ýakasyndaky guşlaryň we balyklaryň monitoringini geçirerler.
Monitoring bu ýyl Hazar düwleniniň we bu zolakda ýaşaýan beýleki haýwanlaryň populýasiýasynyň üýtgeýşini ýüze çykarmak üçin zerur bolup durýar.
Her ýyl Hazar deňziniň kenarynda öli düwlenleri tapýarlar. Alymlaryň pikirine görä, bu tebigy gazyň ýerasty zyňylmalary bilen baglanyşykly (metanyň we onuň ýany bilen çykýan gazlaryň) bolmagy ähtimaldyr. Geçen ýylyň dekabrynda Hazaryň kenarynda Dagystanda 2,5 müňe golaý öli düwlen tapyldy.
Soňky maglumatlara görä, häzir Hazar düwleniniň sany ýa-da onuň başgaça atlandyrylyşy ýaly Hazar nerpasynyň sany 300 müňe çenli aşaklady.
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Hazaryň kenarynda Dagystanda 700-e golaý ölen düwlen tapyldy
Hazar düwlenleriniň köpçülikleýin gyrylmagy uzaga çeken gomlaryň netijesinde bolmagy mümkin
ORIENT habarlar