Merkezi Aziýada kriptowalýutanyň maýninginiň geljegi barmy?
04.02.2023 | 10:32 |Soňky iki ýylyň dowamynda kriptowalýutanyň Merkezi Aziýanyň bazaryndaky maýningi oňyn meýilleri görkezýär. 2022-nji ýylyň oktýabryndan başlap olaryň Gazagystanda satyn alynmagynyň we satylmagynyň kanunlaşdyrylmagy bu halatda aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.
Öz gezeginde, Merkezi Aziýanyň iň gür ilatly ýurdunda - Özbegistanda bu hili amallar 2023-nji ýylyň ýanwaryndan gadagan edildi. Şol bir wagtda Gyrgyzystanyň Milli banky lokçeýn we maýning tehnologiýasy bilen, ýagny kriptowalýutanyň emissiýasy bilen ägä bolmaklyga çagyrýar, gyrgyz parlamenti bolsa «Wirtual aktiwler hakyndaky» kanuny kabul edýär, ol hem degişli sanly amallary kadalaşdyrmaga niýetlenendir. Bu kanun gyrgyz maýnleriniň durmuşyny biraz ýeňilleşdirdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň şunuň ýaly dürli çemeleşmesi kriptowalýutanyň bazaryndaky nämälimlik we olaryň halkara derejesindäki ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Bir tarapdan olar daşary ýurt banklary tarapyndan hasaplaryň blokirlenmeginiň öňüni almaga kömek edýär, sebäbi öz açaryň bilen kriptony saklap bolýar we hiç hili gurluşyň oňa elýeterliligi bolmaýar, beýleki tarapdan, döwletler kriptowalýuta saklamak bilen baglanyşykly töwekgelçiliklere doly düşünenoklar.
Olaryň dünýä bazarynda tertip-düzgünsiz ulanylmagy maýnerleriň MA ýurtlaryndaky mümkinçiligini ep-esli çäklendirýän pursaty bolup durýar. Meselem, Germaniýada, Ýaponiýada, Singapurda, Estoniýada we GAR-da kriptowalýutalar rugsat edilip, kanun tarapyndan kadalaşdyrylýan bolsa, onda Marokkodo we Alžirde olar düýbünden gadagan edilendir. Ýöne bizi hut Merkezi Aziýa gyzyklandyrýar we onuň maýning we blokçeýn üçin maýa goýmaga kanunylyk meýdançasyny nä derejede üpjün edip biljekdigi gyzyklandyrýar.
Bu temany barlamak bilen, olaryň artykmaçlygyny we kemçiligini kesgitläp, ilki bilen kriptowalýutadan peýdalanmagyň töwekgelçiliklerini kesgitlemek gerek. Kriptowalýutanyň esasy kemçiligine onuň dünýädäki hukuk nämälimligini degişli etmek bolýar. Meselem, ykdysadyýet boýunça Alfred Nobel baýragynyň eýesi amerikan alymy Robert Şiller şol wagtdaky ilkinji kriptowalýuta bolan bitkoiniň ykdysady köpürjige meňzeşligi görkezýändigini birnäçe gezek beýan edipdi. Aziýanyň iri banklary, hususan-da, Hindistanyň Rezerw banky onuň «pullary kanunlaşdyrmagyň» indeksi bolup, kriptowalýutanyň töwereginde äpet köpürjigiň dörändigini beýan etdi. Köpleri şeýle hem kriptowalýutanyň merkezleşdirilmegi, ýagny olaryň sanyny we ykdysadyýete täsirini kadalaşdyrmagyň mümkin däldigi howsala salýar, sebäbi döwletler sanly walýutanyň wolatilligini saklamak boýunça täsirli mehanizmleri entäk döredip bilenoklar.
Töleg serişdesiniň şunuň ýaly görnüşiniň artykmaçlygyna smart-şertnamalaryň, ýagny sanly dilde ýazylan şertnamalaryň kömegi bilen ylalaşyk amallarynyň ýönekeýleşdirilmegini görkezmek bolýar. Şunda ynamsyz geleşik bolmak ähtimallygy pesdir – sebäbi tutuş prosess dolulygyna awtomatlaşdyrylan we araçylary aýyrýar – adamlar ýa-da guramalar oňa gatnaşmaýarlar. Şeýle hem kriptowalýutalaryň uly özüne çekijiligi – kriptowalýuta hasaplarynyň blokirlenmekden goragly bolmagydyr. Ýöne haçanda gürrüň olaryň söwdada ulanylyş tejribesi barada gidende, kriptonyň ähli artykmaçlyklary ýok bolýar.
Belli bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň iri daşary söwda hyzmatdaşlary, Hytaý we Russiýa kriptowalýuta aýratyn hormat goýanoklar. Netijede, Pekin 2019-njy ýylda onuň ykdysadyýetiniň ähli derejelerinde ulanylmagyny resmi taýdan gadagan etdi, bu bolsa bu pudakdaky hytaý oýunçylarynyň hemmesiniň diýen ýaly daşary ýurt biržalarynyň üsti bilen kriptoda söwda etmeklerine getirdi.
Russiýa blokçeýne o diýen garşy däl. Häzirki wagtda bu walýutany diňe maýa goýum serişdesi hökmünde ulanyp bolýar, ýöne ýurduň çäginde ony satmak we satyn almak gadagan edilendir. Eger-de Hytaýda onuň gadagan edilendigi baradaky karar jedelsiz bolsa, onda Russiýada kripto bilen geçirilýän amallaryň kanunlaşdyrylmagy baradaky gürrüňler umumymilli häsiýete eýe boldy: eýýäm Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi munuň zerurlygy barada aýdýar we Dumada hem bu meseläni galdyrdylar. 2022-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaýa görä, Russiýanyň raýatlarynyň özünde $200 mlrd-dan gowrak kriptowalýuta bar.
Günorta Aziýa barada aýdylanda, bu ýerde ähli zat has ýönekeý: Hindistanda döwletiň öz kriptowalýutasyny girizmäge synanyşdylar, 300 mln-a golaý hindiler bolsa sanly pullaryň gatnaşmagynda kadaly amallary geçirýärler – olaryň möçberi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin pikir edilmejek derejede uludyr. Goňşy döwlet Eýran blokçeýni diňe bir içerki amallarda däl, eýsem eksport-importda hem ulanýar: geçen ýyl ýurt ony ilkinji gezek importa töleg geçirmekde ulandy. Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň döwletiň umumy söwdasynyň 5%-ne deň bolmagyna garamazdan, iki sebit özara ykdysady gatnaşyklar üçin ösüşiň geljegine eýedirler.
Kriptowalýutanyň kömegi bilen ýurtlaryň has ýönekeýleşdirilen söwdasy ÝB-de we ABŞ-da ýola goýlup bilner, ol ýerde sanly pullaryň töleg ulgamy has aýdyňdyr. Türkiýede bu babatda berk çäklendirmeler bar.
Şu ýerde bir zady anyklamalydyrys, Merkezi Aziýanyň kriptonyň üsti bilen söwda etmegi mümkindir, ýöne häzirki pursatda esasy daşary söwda oýunçylary ony öz ykdysadyýetinde ulanmaklygy gadagan eden mahaly, şertleýin Gazagystanyň hytaý maýa goýumçylary bilen kriptoda töleg geçirendigine garaşmak gerek bolmaz.
Maýning, ýagny kriptowalýutanyň önümçiligi barada aýdylanda, bu ýerde hem öz meseleleri bar. Birinjiden, özüniň taýýarlanmagy üçin köp energiýa talap edýän kripto energiýa üpjünçiliginde mesele bolan sebitde edilip bilinmez, aýratynam, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan barada aýdylanda. Doly energiýa üpjünçilikli ýurt Gazagystan we Türkmenistan bolup galýar. Soňkusy, öz gezeginde köp ugurly energiýa gurluşy sebäpli, şeýle hem energiýany öndüriji uglewodorodlaryň uly ätiýaçlyklarynyň bolmagy sebäpli sebitiň energiýa üpjünçiliginiň kepili bolup durýar.
Haçandyr bir wagt kriptowalýuta Merkezi Aziýanyň hukuk meýdanynda işe giriziler diýip, entek aýdyp bolmaz. Muňa önümçiligiň köp energiýa sarp edýänligi, şeýle hem kriptowalýutanyň sebit bilen MA ýurtlarynyň esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda durnukly eksport-import amallary üpjün edip bilmejekdigi sebäp bolup durýar.
Arslan MÄMMEDOW