Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara berilýän sosial tölegler baradaky döwlet býujetiniňmaddalaryna täzeden garamagy teklip etdi
24.11.2022 | 23:34 |Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin döwlet býujetinde ýaşlary maliýeleşdirmek we ýeňillikler bilen üpjün etmek hakyndaky maddalaratäzeden garamagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyňzerurdygy barada aýtdy.
Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň (Milli geňeşiň Halk Maslahatynyň) mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.
Ýaşlar syýasatynyň meselelerine garap, ýokarky palatanyň Başlygy 2023-nji ýylda Türkmenistanda 11sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň, 8 sany orta mekdebiň, 1 sany ýokary okuw mekdebininiň we 1 sany teatryň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini mälim etdi.
Şol işleri durmuşa geçirmek üçin ýeterlik serişdäniň bölünip berlendigini ýa-da ýokdugyny kesgitlemegiňzerurdygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ylym we bilimi ösdürmegiň örän möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar akademiýasynyň maliýeleşdirilmegi, hususan-da, senagat maksatlary üçin ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ykdysady täsirleri bolan açyşlaryň ýokdugy barada hem aýdyldy.
«Näme üçin beýle bolýar? Türkmen alymlarynyň we ýaşlarynyň düşünjeleriniň ýeten derejesi haýsy ýurduňkydan pes?» — diýip, Milli Geňeşiň ýokarky palatasynyň Başlygy ýurduň köp zady başarýan ýokary bilimli ýaşlarynyň bardygyny belläp, sözüni dowam etdirdi. Ýaşlary goldamak we degişli ugra gönükdirmek — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi bolmalydyr.
ORIENT news
Surat redaksiýanyň arhiwinden