Habarlar

Magtymguly hakyndaky filmiň Nýu-Ýorkda görkezilişinden soň: çära gatnaşyjylaryň pikirleri
28.01.2025
|00:10
|145
TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr»

Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi
28.01.2025
|00:05
|172
26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň diplomatik edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi
27.01.2025
|23:15
|172
27-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň Daşkende geçirilen duşuşygynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen iki resminama gol çekildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekdiler

Türkmenistanyň DIM Özbegistanyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
27.01.2025
|22:00
|278
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

Türkmenistandaky Hindistanyň Ilçihanasy Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirdi
27.01.2025
|21:40
|134
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistandaky Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan Respublika gününiň 76 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Türkmenistan we Gazagystan ýokary okuw mekdepleriñ arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler
27.01.2025
|17:15
|131
Astanadaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynyñ rektory Ýerlan Abil bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada türkmen diplomatik wekiliýetiniñ metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň geofizika hünärmenleri ýangyç-energetika pudagynyň ösmegine goşant goşýarlar
27.01.2025
|17:00
|244
Geçen ýyl Balkan welaýatyndaky Goturdepe we Barsagelmez nebit ýataklarynda işler geçirildi. Goturdepe ýatagyndaky ulanyş guýularynyň birinde geçirilen partlaýjy işler onuň öndürijiligini ýokarlandyrdy, şeýle hem «Galkynyş» gaz ýatagynyň guýularynda oňyn netijeler gazanyldy.

Natilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýar
27.01.2025
|16:15
|298
Kaliforniýadaky Natilus atly aerokosmos başlangyjy Airbus we Boeing ýaly güýçli bäsdeşlerine garşy durup, Horizon atly garyşyk ganatly ýolagçy uçarynyň taslamasyny hödürledi. Ony täze diýip atlandyrmak ulaldylan bolar, sebäbi bu pikir geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri bardy we 70-nji ýyllarda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň B-1 Lancer atly strategik bomba atyjy uçarynda bölekleýin ulanylypdy.

Suw astynda 120 gün: Germaniýanyň ýaşaýjysy täze dünýä rekordyny goýdy
27.01.2025
|15:45
|268
25-nji ýanwarda nemes inženeri Rýudiger Koh Panamanyň kenarlarynda ýörite suwasty kapsulada 120 gün ýaşap, suwuň üstüne iň uzak wagt çykmazlyk boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu habary France 24 teleýaýlymy habar berdi.

Bäsleşikli söwdada Donald Trampyň Ferrari awtoulagy satylýar
27.01.2025
|15:35
|144
ABŞ-da Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 Coupe sport awtoulagy bäsleşikli söwdasyna çykaryldy. ABŞ-nyň ozalky prezidenti bu awtoulagy 2007-nji ýylda, ilkinji gezek satuwa çykandan soň, göni satyn aldy. Lot barada maglumatlar Rockstar bäsleşikli söwda öýüniň web sahypasynda ýerleşdirildi.