Habarlar

Astrahanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
28.01.2025
|10:45
|164
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynda (Astrahan ş.) Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň mugallymy Hindistanda hünär kämilleşdiriş okuwlara gatnaşdy
28.01.2025
|10:10
|132
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Mekan Toýjanow “Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” mowzuk boýunça hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşdy.

CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hyzmat ediş üçin gysyjynyň rotor gurnamasyny yzyna gaýtarmak boýunça bäsleşik yglan edýär
28.01.2025
|09:45
|164
Türkmenistandaky Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz korporasiýasynyň şahamçasy Gazy gaýtadan işleýän zawod-2 giňeldiji gysyjysynyň rotor gurnamasyny Türkmenistandaky Korporasiýanyň şahamçasynyň tehniki üpjünçiligini geçirmek üçin taýýarlaýjysynyň zawodyna yzyna gaýtarmak barada №CIT-24127-SR bäsleşik boýunça taýýarlykdan öňki işi barada yglan edýär.

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: jins matasy, “BND 60/90” kysymly ýol bitumy hem-de “TPP D 30 S” kysymly polipropilen satyn alyndy
28.01.2025
|09:04
|124
27-nji ýanwarda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony Belarusyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady
28.01.2025
|04:20
|229
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkony saýlawlarda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady, bu barada Belarus Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen konkiçileri Hytaýda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etmäge taýýarlyk görýärler
28.01.2025
|03:25
|190
Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek 9-njy gyşky Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Ýurtda bäş ýyl töweregi wagt bäri ösýän şort-trek sportynyň wekilleri Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş eder

Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselesine garaldy
28.01.2025
|01:30
|235
Tokioda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi

Türkmenistandaky UNFPA-nyň täze direktory wezipesine girişdi
28.01.2025
|01:30
|275
2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili we Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda Ýurt boýunça direktory wezipesine resmi taýdan girişdi. Bu barada BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy habar berdi. Ogbonna ählumumy, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk tejribesine eýe bolup, uýgunlaşdyryjy liderlik, hökümetara gatnaşyklar we strategiýa hyzmatdaşlygy ugurlarynda ýöriteleşýär

Magtymguly hakyndaky filmiň Nýu-Ýorkda görkezilişinden soň: çära gatnaşyjylaryň pikirleri
28.01.2025
|00:10
|145
TÜRKSOÝ 21-nji ýanwarda Nýu-Ýork şäherindäki Türk Öýünde görkezilen türkmen-özbek filmi «Magtymguly Pyragy» baradaky hasabatyny çap etdi. Çäräniň dowamynda çykyş eden TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew şeýle diýdi: «Bu film – Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň çuňlugyny görkezýän möhüm eser bolmak bilen bir hatarda, türki dünýäniň agzybirliginiň güýçlidiginiň nyşanydyr»

Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi
28.01.2025
|00:05
|172
26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar