Türkmenistanyň mugallymy Hindistanda hünär kämilleşdiriş okuwlara gatnaşdy
28.01.2025 | 10:10 |Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Mekan Toýjanow “Mikrotorlar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” mowzuk boýunça hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşdy.
Okuw Hindistan Respublikasynyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy (ITEC) tarapyndan guralyp, 2025-nji ýylyň 20-24-nji ýanwary aralygynda geçirildi. Okuwa gatnaşyjylar 12 ýurduň 17 sany ylmy işgärleriniň we inženerleriň arasyndan saýlanyp alyndy.
Okuw saparynyň barşynda gatnaşyjylar gün energiýasy, ýel we wodorod ýaly dikeldilýän energiýa çeşmelerinde işleýän mikrotorlary we olaryň öndürilişini, paýlanyşyny we saklanyşyny nazary taýdan we tejribe üstünde öwrendiler. Okuwyň dowamynda Hindistanyň professorlary, telekeçileri we inženerleri dünýäde uglerod zyňyndylaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri arkaly energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri, şeýle hem bu tehnologiýalaryň ykdysady we inženerçilik jähtleri boýunça umumy sapaklary geçirdiler. Şeýle hem okuwyň çäklerinde göçme okuw seminarlar guralyp, olarda kuwwatlylygy 1 MWt bolan gün we wodorod stansiýalarynyň gurluşy, şeýle-de Bharat Mobility Global Expo sergisinde elektrik awtomobilleriň önümçiligi bilen tanyşdyryldy. Bäş günlük okuwyň ahyrynda ýapylyş dabarasy geçirilip, onda gatnaşyjylara ylmy-barlag merkeziniň adyndan şahadatnamalar gowşuryldy.
Mekan Toýjanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiiň professorlary bilen bilelikde gün energiýasyny ulanmak bilen suwdan wodorod energiýasyny almak babatda ylmy barlaglary geçirýär.
ORIENT news