Habarlar

Almatyda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler
03.02.2025
|11:25
|163
Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäheriniň Türkmen köpçülikleýin-medeni merkeziniň 30 ýyllygyna hem-de Gazagystanyň Halk assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärä Dünýä türkmenleriň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary, Gazagystanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türki halklaryň medeni Gaznasynyň prezidenti, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň etnik medeni merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Almaty şäheriniň Akimatynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň DIM-iň wekilleri gatnaşdy.

Las-Wegasda Excel boýunça Dünýä çempionatynyň ýeňijisi yglan edildi
03.02.2025
|10:10
|221
Las-Wegasda Microsoft Excel boýunça Dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş elektron tablisalary bilen işlemegiň höwesjeňleri we ussatlary üçin hakyky şüweleňe öwrüldi.

Türkmenistanly we daşary ýurtly mugallymlar halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar
03.02.2025
|09:25
|275
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny “Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Seminar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynda onlaýn utgaşykly görnüşinde geçiriler.

Arkadag şäherinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi
02.02.2025
|23:35
|332
Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna uly möçberde pul baýragy gowşuryldy
02.02.2025
|23:25
|176
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary üç million manat möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysyna hormatly ady dakdy
02.02.2025
|22:30
|225
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Serdar Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyny dakdy

Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň birinji ligasy ýakymly täsirler bilen tamamlady
02.02.2025
|22:05
|140
Maryda açyk derejede Türkmenistanyň Küşt boýunça çempionatynyň biriji ligasynyň ýaryşy, şeýle hem milli çempionatyň abraýly ýokary ligasyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyry tamamlandy. Ozal açyk birinji liga erkekler ýaryşy hökmünde geçirilen bolsa, indi oňa zenanlar hem gatnaşyp biler. Bäsleşik 26-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçirildi we 70 gatnaşyjy bire ýere jemledi, olaryň 16-sy zenanlardy

Duşanbe şäherinde suw hojalyk toparynyň 88-nji mejlisi: ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we kabul edilen çözgütler
02.02.2025
|21:45
|139
2024-2025-nji ýyllaryň ösümlikleriň ösüşara möwsümleriniň aralygynda Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň jülgelerindäki suw howdanlarynyň iş tertibi we çäkleri Täjigistanyň Duşanbe şäherinde 2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda geçirilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň (DUSHT) 88-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan ilkinji gezek Aziýa oýunlarynda figuraly typmak sporty boýunça ýaryşlara gatnaşar
01.02.2025
|12:35
|229
Fewral aýynyň 7-14-i aralygynda Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlary geçirilip, oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşar. Olar ilkinji gezek figuraly typmak sporty boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
01.02.2025
|11:25
|293
Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.