Iň täze habarlar

Türkmenistanly we daşary ýurtly mugallymlar halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar

03.02.2025 | 09:25 |
 Türkmenistanly we daşary ýurtly mugallymlar halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny “Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Maslahat 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynda onlaýn utgaşykly görnüşinde geçiriler.

Maslahat ýaş nesle berilýän ylymlaryň we bilimleriň hilini ýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri okatmak usulyýetini kämilleşdirmäge, daşary ýurtly ýokary okuw mekdep-hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gökündirilen. Şeýle hem, maslahat halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde işläp taýýarlanan okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam etmäge niýetlenen.

Halkara okuw-usuly maslahatda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň wajyplygy hem-de olary okatmagyň işjeň we innowasion usullary bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.

Çäre türkmen, iňlis, rus we nemes dillerinde geçiriler.

Bu halkara okuw-usuly maslahata gatnaşmaga isleg bildiren mugallymlar nusga laýyklykda degişli maglumatlary doldurmaly hem-de 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli öz çykyşlarynyň materiallaryny tdimddk@gmail.com salgysy boýunça guramaçylyk toparyna ugratmaly.

ORIENT news

Foto: iirmfa.edu.tm

Şeýle hem okaň: