Jemgyýet

BD Travel – siziň Türkmenistan boýunça ygtybarly ýolbelediňiz
11.02.2025
|01:05
|158
Türkmenistana syýahat etmegi meýilleşdirýärsiňizmi? Onda, "BD Travel" bilen habarlaşyň

BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkezi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çärelere goşular
10.02.2025
|23:25
|172
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň direktory we BMG-niň Russiýadaky ýurt toparynyň başlygy Wladimir Kuznesow bilen duşuşyk geçirildi

Kärizler – milli mirasymyzyň täsin aýratynlygy
10.02.2025
|21:10
|207
Arkadag şäheriniň Taryhy-we ülkäni öwreniş muzeýinde kärizleriň taryhyna we halk hojalygyndaky ornuna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Kärizler – gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanda ulanylyp gelýän çylşyrymly gidrotehniki gurluşlaryň: guýular we ýerasty suw geçirijiler ulgamydyr

Moskwada rus dilini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçiriler
10.02.2025
|19:50
|239
Russiýa-Türkmen medeniýet merkezi we Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň dostlugyny pugtalandyrmaga goldaw berýän «Hazar mirasy» gaznasy 13-nji fewralda «XXI asyryň ählumumy üýtgeşmeleriniň şertlerinde Russiýa we Hazar bäşliginiň medeniýetleriniň gepleşiginiň esas hökmünde rus dili» atly halkara maslahatyny geçirer. Rus dilini ilerletmäge gönükdirilen çäre Moskwanyň millilikler Öýünde onlaýn we offlaýn görnüşinde guralar

Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmegi meýilleşdirýär
10.02.2025
|15:50
|346
Türkiýe daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrmak boýunça işler geçirýär. 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler
10.02.2025
|13:45
|143
Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy
10.02.2025
|10:00
|529
2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy
09.02.2025
|22:40
|205
Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.

Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy
08.02.2025
|12:25
|198
7-nji fewralda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ylmy konferensiýasyny geçirdi
08.02.2025
|11:40
|317
2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy konferensiýasy geçirildi.