Iň täze habarlar

Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

10.02.2025 | 10:00 |
 Hyratda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitaby tanyşdyryldy

2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynda (Hyrat şäheri) Owganystanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk derejesiniň taryhy we ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Şeýle hem 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrmak boýunça pikir alyşdylar.

1

Maslahatyň dowamynda ynsanperwer garaýyşlaryny dünýä ýaýmakda, türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň görkezilýändigi we milli taryhda ajaýyp yz galdyran beýik şahsyýet hakynda gürrüň berilýändigi dogrusynda aýtdylar. «Magtymguly – dünýäniň akyldary» kitaby diňe bir türkmen halkyna gollanma bolman, eýsem ähli adamzat üçin has möhüm üstünliklere we ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge ruhlandyrýan eserdigini belläp geçdiler.

2

Maslahatyň ahyrynda owganystanly abraýly türkmen wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goňşy Owganystan döwleti bilen alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatyna buýsanýandyklaryny nygtap, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny arzuwladylar.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygy

Şeýle hem okaň: