Iň täze habarlar

Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler

10.02.2025 | 13:45 |
 Aşgabatda Italýan dizaýniň güni geçiriler

Aşgabatda 12-14-nji fewral aralygynda Türkmenistandaky Italiýanyň ilçihanasy tarapyndan her ýyl guralýan Italýan dizaýniň güni geçiriler. Çäre Italiýanyň dizaýn sungatynyň, innowasiýalarynyň we döredijilik çözgütleriniň ösdürilmegine gönükdirlip, ol italýan dizaýni bütin dünýäde ykrar etdirýän ussatlygyň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman garaýyşlarynyň özboluşly sazlaşygyny açyp görkezýär.

Çäräniň çäklerinde talyplar, dizaýnerler hem-de binagärlik we dizaýn ugrundaky hünärmenler üçin ussatlyk sapaklar geçiriler. Gatnaşyjylar esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga, täze çemeleşmeleri öwrenip, dizaýniň geljegi emele getirilişi baradaky tejribe bilimlerini alyp bilerler. Bu çäräniň aýratyn myhmany “Modenese Gastone Interiors Srl” lýuks brendiniň interýer boýunça meşhur dizaýneri Leandro Skalko bolar.

Ol Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda prezentasiýalary bilen çykyş edip, interýerde häzirki zaman tendensiýalary we dizaýn babatda innowasion çözgütler baradaky ekspert pikiri bilen paýlaşar.

Şu ýylyň Italýan dizaýniň gününiň mowzugy “Deňsizlik. Has gowy durmuş üçin dizaýn” diýlip atlandyrylar. Ol durmuş meselelerini çözmekde hem-de has inklýuziw we durnukly gurşawy döretmekde dizaýniň ornuny açyp görkezýär. Elýeterlilik, mümkinçilikleriň deňligi we ekologiýa jogapkärçiligi ýaly meselelere aýratyn üns beriler.

Mundan başga-da, Aşgabatda geçiriljek bu çäre dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ählumumy başlangyjyň bir bölegi bolar. Bu başlangyç hünärmenleriň dizaýniň jemgyýete ýetirýän täsirini we onuň geljegi gurmakdaky orny barada maslahatlaşmaklaryna gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Milanda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde geçiriljek “Salone del Mobile” atly 63-nji sergisi baradaky maglumatlar bilen hem tanyşdyrylar. Bu sergi dizaýn we mebel önümçiligi ugry boýunça dünýäniň iri çäresi hasaplanylýar.

Foto: www.graffiks.ru

Şeýle hem okaň: