Iň täze habarlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

09.02.2025 | 22:40 |
 Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýörelgeleri durmuşa geçirmek: bilim pudagy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda ýurtda yglan edilen şu ýylky “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýandygy hem-de ony durmuşa üçin uly jogapkärçilikli işiň garaşýandygyny nygtady. Bu döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we medeniýetiň, ylymyň, bilimiň we beýleki ugurlarynyň wekilleriniň tagallalarynyň üns merkezine gönükdirilendir.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariaty hem bu umumy milli işe goşant goşýar. Ýakynda onuň işgärleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly onlaýn okuw maslahatyny geçirdi. Çärä ýurtdaky ÝUNESKO kafedralary we klublary şeýle hem Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepler gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk babatdaky pikirleri, teklipleri we sowallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maslahatynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş etdi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlykda ähmiýetli üstünlikleri gazanmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny aýtdy. Öz çykyşynda Ç.Rüstemowa ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylan işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin çykyş etdi.

“Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen bilim özgertmeleri”, “Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň milli torunyň işini kämilleşdirmek we öňdebaryjy halkara tejribelerden peýdalanmak” ýaly temalarda ýylyň şygarynyň maksadynyň mazmuny öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde ýurduň yzygiderli alyp barýan bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan çykyşlar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bu çäre, gatnaşyjylaryň hemmesinde ruhlandyryjy duýgyny hem-de bilelikdäki tagallalaryň halkara giňişliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bilim hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynamy döretdi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň işgärleri Merkezi Aziýada «Ýaşlar derňew geçiriji ylmy işgärleri hökmünde» atly taslamasyna gatnaşýan türkmen toparyny taýýarlamak we “Parahatçylyk we medeniýetara dialog” atly temany ösdürmek boýunça işleri utgaşdyrýarlar. Türkmenistanyň ylmy derňew topary alty adamdan ybarat, olaryň dördüsi – Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ÝUNESKO klublaryna wekilçilik edýär.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan ýaşlara iň möhüm durmuş we ynsanperwerlik temalary boýunça ylmy derňewlere gatnaşmaga mümkinçilik berýän taslama gatnaşyjylar üçin onlaýn okuwlar Almatydaky ÝUNESKO-nyň sebitleýin edarasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilýär. Eýýäm geçirilen iki okuw sapygynda, ýaşlar saýlanan tema boýunça ylmy derňewleri netijeli geçirmek üçin esasy usulyýet gurallaryny we tabşyryklary aldylar. Geçirilen işleriň esasynda ýaşlaryň ýurt we dünýä üçin möhüm meseleleri çözmekde sesini güýçlendirmek üçin döwlet edaralaryna hödürlenmegi meýilleşdirilýän teklipler taýýarlanar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: