Eýran bilen Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler
18.02.2025 | 09:15 |Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Tähranda amala aşyrýan saparynyň çäklerinde III Hazar ykdysady forumynyň meýdançasynda Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammadreza Aref bilen duşuşdy.
Duşuşykda çykyş edip, Aref Eýranyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek boýunça işlere çynlakaý ähmiýet berýändigini nygtady diýip, Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Bu strategiýada Türkmenistan aýratyn orny eýeleýär diýip, aýtdy we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi goňşy Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtady diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we onuň gün tertibi hususy pudaga üns bermek bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy öz içine alýandygyny bellediler.
Iki ýurduň arasynda bar bolan medeni we siwilizasiýa umumylygyny göz öňünde tutup, energetika, ulag, üstaşyr we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygy bellendi.
Iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde Eýran-Türkmenistan bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň orny nygtaldy.
Duşenbe güni Eýranyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň premýer-ministrleriniň we ministrleriniň gatnaşmagynda Tähranyň “Azady” myhmanhanasynda III Hazar ykdysady forumy açyldy.
ORIENT