Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy
08.02.2025 | 12:25 |7-nji fewralda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sungat galereýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy.
Sergide birleşigiň agza suratkeşleriniň dürli ýurtlara eden döredijilik saparlarynda döreden eserleri görkezildi. Bu döredijilik sergisi medeni köpdürliligi hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary açyp görkezýär.
Sergä gelen myhmanlar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Işanguly Işangulyýewiň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Ýarly Baýramowyň, Möjek Çaryýewiň, Rejemuhammet Berdiýewiň, şeýle hem sungatda at gazanan işgär Allamyrat Muhammedowyň döreden eserlerini syn edip bildiler.
Ýerleşdirilen işleriň arasynda zehinli suratkeşler Çarymyrat Ýazmyradowyň, Rahman Umarowyň, Gahryman Goçmyradowyň, Zakirjan Babaýewiň, Gülnäz Rozykulowanyň, Hojamuhammet Çüriýewiň, Gurban Babatäjowyň, Toýly Çopanowyň, Rustam Abdullaýewiň we beýlekileriň eserleri hem bar.
Sergi 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam eder.
ORIENT